Hakan Fidan Saud Arabystanynda Geçiriljek Siriýa Maslahatyna Gatnaşar

Hakan Fidan Saud Arabystanynda Geçiriljek Siriýa Maslahatyna Gatnaşar

Daşary işler ministri Hakan Fidan, ertir Saud Arabystanynda geçiriljek Siriýa temaly maslahata gatnaşar.

Maslahata, Türkiýe bilen birlikde Siriýa, Pars aýlag hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlar Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Katar, Kuweýt, Bahreýn we Oman bilen Yragyň, Liwanyň, Iordaniýanyň, Müsüriň, Britaniýanyň we Germaniýanyň Daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň we Italiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Maslahata mundan başgada ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekiliniň, BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekiliniň we Arap Ligasynyň Baş sekretarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Maslahatda Siriýada howpsuzlygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin görüljek çäreler seljerler.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Saud Arabystanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan ertir Saud Arabystanyna gider
Hakan Fidan G-20-niň Maslahatyna Gatnaşar
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Siriýa temaly maslahata gatnaşdy
Hakan Fidan Gollandiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Iordaniýanyň Daşary Işler Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi