Hakan Fidan Saud Arabystanly we Tunisli kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi

Hakan Fidan Saud Arabystanly we Tunisli kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi

Türkiyäniň daşary işler ministrliginiň X sosial media platformasyndan berilen beýanatda: "Ministrimiz Hakan Fidan Arap Ligasynyň 162-nji Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň maslahatynyň çäginde Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan bilen Kairde duşuşyk geçirdi" diýip habar berildi.

Başga bir beýanatda bolsa Hakan Fidanyň maslahatyň çäginde Tunisiň daşary işler ministri Muhammed Ali en-Nefti bilen duşuşyk geçirendigi mälim edildi.

Türkiye 13 ýyl arakesmeden soň Arap Bileleşiginiň nobatdaky 162-nji Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň maslahatyna gatnaşdy, ministr Hakan Fidan ol ýerde çykyş edipdi.

Hakan Fidan maslahatyň çäginde ÝB Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary, daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Jozep Borrel bilen hem duşuşyk geçiripdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň daşary işler ministri Müsürde daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşyklar geçirdi
Hakan Fidan Saud Arabystanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Hakan Fidan Borrel Bilen Duşuşdy
Hakan Fidan, Arap Ligasynyň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy
“Ysraýyl Parahatçylyk Isleýänleri Hem Nyşana Alýar”
Hakan Fidan Arap Ligasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşine gatnaşar