Hakan Fidan Palestina Temaly Maslahata Gatnaşdy

Hakan Fidan Palestina Temaly Maslahata Gatnaşdy

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Palestinany ykrar etmegiň yza süýşürilmeginiň meseläni çözmejekdigini diňe Ysraýylyň wagt utmagyna sebäp boljakdygyny aýtdy.

Hakan Fidan, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen Palestina temaly maslahata gatnaşdy.

Ysraýylyň, Binýamin Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň palestinalylary ýok etmek meýilnamasyny durmuşa geçirmekde egilşik etmeýändigine ünsi çeken Fidan, şol rehimsiz ýok edilşik meýilnamasynyň Gazadan Günbatar Şeriýa we Gündogar Iýerusalima tarap göwrümini giňeldýändigini belledi.

Fidan, ähli kynçylyklaryň hötdesinden gelmek üçin Palestinanyň garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edilmegine rugsat berilmelidigine ünsi çekdi.

Palestina Döwletiniň has köp ýurt tarapyndan ykrar edilmegi üçin tagalla edilmelidigini aýdan Fidan, muny yza süýşürmegiň meseläni çözmejekdigini diňe Ysraýylyň wagt utmagyna sebäp boljakdygyny nygtady.

Daşary işler ministri Hakan Fidan, maslahatyň öňüsyrasynda Ispaniýanyň Daşary işler we Ýewropa Bileleşigi ministri Hoze Manuel Albares bilen duşuşdy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Gresiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Hakan Fidan Adalat we ösüş partiýasynyň Nigdede geçirilen çäresinde çykyş etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ersin Tatar: "Ata Watanymyz Türkiyä minnetdardyrys" diýdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Daşary Işler Ministri Fidan Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi