Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Arap Ligasynyň aragatnaşyk toparynyň Gazadaky söweşiň bes edilmegi we hemişelik parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin edilýän işleriň çäginde Norwegiýanyň paýtagty Oslo şäherine sapar gurar.
Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Hormatly ministrimiz Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Arap Ligasynyň aragatnaşyk toparynyň Gazadaky söweşiň bes edilmegi we hemişelik parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin edilýän işleriň çäginde 2023-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Norwegiýanyň paýtagty Oslo şäherine sapar gurar.
Hormatly ministrimiz aragatnaşyk toparynyň düzümindäki kärdeşleri bilen Norwegiýa, Şwesiýa, Finlýandiýa, Daniýa, Islandiýa, Belgiýa, Gollandiýa we Lýuksemburg döwletleriniň resmileri bilen duşuşyk geçirer" diýip habar berildi.