Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýeniň düýn Eýranda janyna kast edilmegi sebäpli Palestinanyň halkyna we Yslam dünýäsine duýgudaşlyk bildirip: "Ony öldürmekleri bilen parahatçylygy hem öldürendiklerini ýatdan çykarmasynlar" diýip belledi.
Hakan Fidan telewideniýe gepleşikleriň birine gatnaşyp, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi we soraglara jogap berdi.
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň geçen hepde ABŞ-nyň kongresinde eden çykyşynda aýakda durup el çarpylmagynyň we ABŞ-dan alýan goldawynyň ony ruhlandyryp-ruhlandyrmandygy bilen bagly soraga Hakan Fidan, bu ýagdaýyň Netanýahuny şübhesiz hemişe ruhlandyrjakdygyny habar berdi.
Hakan Fidan: "Meniň pikirimçe Netanýahu muny gowy bilýär. Ol Amerikany zamun aldy. Liwanda uruşa başlasa, ABŞ-nyň Netnýahunyň yz ýany bilen uruşa girmekden başga çäresi ýok" diýip belledi.
Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýeniň Eýranda janyna kast edilmegi bilen baglanşykly Hakan Fidan: "Ony öldürmekleri bilen parahatçylygy hem öldürendiklerini ýatdan çykarmasynlar. Bu sözlerimiň üstünde aýratyn durup geçýärin" diýip nygtady.