Hakan Fidan Müsüre Gider

Hakan Fidan Müsüre Gider

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Müsüriň paýtagty Kairde geçiriljek D-8-e agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri geňeşiniň 21-nji maslahatyna gatnaşar.

Ykdysady taýdan ösen 8 ýurtdan ybarat D-8-iň maslahatynda Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar bilen birlikde sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Hakan Fidanyň maslahatda etjek çykyşynda, Ysraýylyň Palestinadaky gyrgynçylygynyň we sebitara çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin çagyryş bermegine garaşylýar.

Ministr Fidan, Gaza gyssagly we yzygiderli ynsanperwer kömeginiň berilmegine ünsi çeker.

Daşary işler ministri Fidan, Gazanyň we Liwanyň gaýtadan dikeldilmegi üçin halkara derejesinde goldaw berilmelidigini nygtar.

D-8-iň Daşary işler ministrleri geňeşiniň maslahaty soňky gezek 8-nji iýunda Stambul şäherinde geçirlipdi.

D-8-iň çäginde Türkiýe bilen birlikde Bangladeş, Müsür, İndoneziýa, Eýran, Malaýziýa, Nigeriýa we Pakistan ýer alýar.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna Agza Ýurtlar Maltada Duşuşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan müsürli kärdeşi Abdulati bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Daşary Işler Ministri Fidan Palestinaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçird
Hakan Fidan, Yragyň Ýokary Adalat Geňeşiniň Başlygy Bilen Duşuşdy