Hakan Fidan Müsürde saparda bolýar

Hakan Fidan Müsürde saparda bolýar

Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Müsüre guraýan saparynyň çäginde Arap Bileleşiginiň baş sekretary Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi.

Daşary işler ministrligiň X sosial media ulgamyndan berilen beýanatda: "Ministrimiz Hakan Fidan Müsüriň Alemeýn şäherinde Arap Bileleşiginiň baş sekretary Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi" diýip habar berildi.

Hakan Fidan duşuşykdan ozal Al-Ariş şäherinde Türkiyäniň AFAD we Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň işgärleri bilen duşuşyk geçirdi.

Ministr Hakan Fidan Müsüriň Gyzyl ýarymaý Logostika merkeziniň resmilerinden, Gaza ugradylýan ynsanperwer kömekleriň koordinasiýasy barada maglumat aldy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Arap Ligasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşine gatnaşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Borrel Bilen Duşuşdy
Hakan Fidan, Arap Ligasynyň Daşary Işler Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy
Türkiyäniň daşary işler ministri Müsürde daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşyklar geçirdi
“Ysraýyl Parahatçylyk Isleýänleri Hem Nyşana Alýar”