Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Arap Bileleşiginiň umumy toparynyň, Beýik Britaniýanyň paýtagty London we Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherlerine guran saparynda geçirilen duşuşyklarda: "Gazada maksat doly ot açmazlyk ylalaşygy bolmaly. Ysraýyla täsir edýän ýurtlar hemişelik parahatçylyk üçin basyş etmeli" diýip nygtady.
Düzüminde Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan, Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan, Iordaniýanyň Daşary işler ministri Eýmen as-Safedi, Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şukri, Indoneziýanyň Daşary işler ministri Retno Marsudi, Palestinanyň Daşary işler ministri Riýad al-Maliki, Nigeriýanyň Daşary işler ministri Ýusuf Tuggar, Arap Bileleşiginiň baş sekretary Ahmed Abu Gaýt ýaly resmiler bolan umumy topar, Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Dewid Kemeron bilen London şäherinde duşuşyk geçirdiler.
Topar ondan soň bolsa Parižde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron tarapyndan kabul edildi.
Fransiýanyň Daşary işler ministri Ketrin Kolonna bilen hem duşuşyk geçiren wekiliýet, Pariže we Londona guran saparynda, Gazada iň gysga wagtda doly we durnukly ot açmazlyk ylalaşygynyň üpjün edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.
BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine agza ýurtlaryň we halkara jemgyýetiň bu ugurda täsirli we gyssagly çäreler görmeginiň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna we Arap Bileleşigine agza ýurtlar üçin ileri tutulýan ugurdygyny aýdan wekiliýet, Gaza ynsanperwer kömegiň, azygyň, suwuň, ýangyjyň we elektrik togunyň ýetirilmegi üçin howpsuz geçişleriň ýola goýulmagynyň zerurdugyny beýan etdi.
Geçirilen duşuşyklarda Ysraýylyň eden jenaýatlaryna göz ýummaly däldigini aýdan wekiliýet, Ysraýyla täsir edýän ähli ýurtlara halkara hukuga laýyklykda hereket etmäge, giň gerimli parahatçylyk we iki döwletli çözgüt üçin işe girişmäge çagyrdy, hemişelik we köptaraplaýyn parahatçylyk üçin bilelikde işleşmegiň ähmiýetini nygtap geçdi.