Hakan Fidan Liwanly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Hakan Fidan Liwanly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy Sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-na giden Daşary işler ministri Hakan Fidan, Liwanyň Daşary işler we İmmigrantlar ministri Abdullah Buhabib bilen duşuşdy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Hakan Fidan bilen Buhabib Nýu-Ýorkda bolan duşuşykda sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Liwanly ministr ýurdunda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda Fidana maglumat berdi.

Buhabib Türkiýe tarapyndan düýn irden ugradylan lukmançylyk enjamlary kömegi üçin sagbolsun aýtdy.

Ministr Fidan bolsa Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleriniň kabul edilmesizigini, Ysraýylyň sebitde uly haos emele getirmek isleýändigini belledi.

Türkiýäniň Liwana goldaw berýändigini aýdan Fidan, halkara jemgyýetçiliginiň birlikde hereket etmelidigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan G-20-niň Maslahatyna Gatnaşar
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Geçiriljek Siriýa Maslahatyna Gatnaşar
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Siriýa temaly maslahata gatnaşdy
Türkiyäniň Daşary işler ministri BAE-li kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Hakan Fidan ertir Saud Arabystanyna gider
Hakan Fidan Ispaniýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Eýranly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi