Hakan Fidan Liwana we Saud Arabystanyna sapar gurar

Hakan Fidan Liwana we Saud Arabystanyna sapar gurar

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan şu gün Liwana, soň bolsa Saud Arabystanyna sapar gurar.

Ministr Hakan Fidan ilki bilen liwanly kärdeşi Abdallah Bouhabibiň çakylygyna laýyklykda Liwana gider.

Geçiriljek duşuşyklarda ikitaraplaýaýyn gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin we global meseleleriň ele alynmagyna garaşylýar.

Daşary işler ministri Hakan Fidanyň 2-nji duralgasy bolsa Saud Arabystanynyň Jidda şäheri bolar.

Ministr Hakan Fidan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň açyk gatnaşykly ýerine ýetiriji komitetiň maslahatyna gatnaşar.

Maslahatda Ysraýylyň tapawut goýmadan Gazadaky palestina halkynyň ählisini nyşana alýan harby aksiýalaryna garşy Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde edilip bilinjek ädimler ele alynar, gurama agza ýurtlar tarapyndan umumy çemeleşmesiniň kesgitlenilmeginiň üstünde durulyp geçiler.

Hakan Fidan Ysraýylyň Palestinadaky edýänleriniň bes edilmegi üçin ozal bolsa Müsüre sapar gurapdy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan G-20-niň Maslahatyna Gatnaşar
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Siriýa temaly maslahata gatnaşdy
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Geçiriljek Siriýa Maslahatyna Gatnaşar
Türkiyäniň Daşary işler ministri BAE-li kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Hakan Fidan ertir Saud Arabystanyna gider
Prezident Erdogan Gresiýanyň Ozalky Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
Hakan Fidan Möhüm Duşuşyklar Geçirdi