Hakan Fidan katarly kärdeşi Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Kataryň Premýer ministri we Daşary işler ministri Şeýh Muhammed bin Abdurrahman Al Sani bilen Gazada başdan geçirilen soňky hadysalary ara alyp maslahatlaşdy.

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä Hakan Fidan katarly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Telefon söhbetdeşliginde Gazanyň soňky ýagdaýyny, ynsanperwer ýagdaýy we ýaraşygyň ýola goýulmagy bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy.

Ministr Hakan Fidan şeýle hem paýtagt Ankara şäherine sapar guran Kuba Respublikasynyň wise-premýeri Rikardo Kabrisas Ruis bilen duşuşyk geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Gresiýanyň Ozalky Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
Prezident Erdogan Liwiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Hakan Fidan Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Şeýbani şu gün Türkiyä sapar gurar
Siriýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar
Hakan Fidan Tanýa Faýon bilen duşuşyk geçirdi