Hakan Fidan Kärdeşleri Bilen Siriýada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Hakan Fidan Kärdeşleri Bilen Siriýada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy

Daşary işler ministri Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan al Suud bilen Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Hakan Fidan, Blinken bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Türkiýäniň sebiti has-da durnuksyzlaşdyrjak haýsydyr bir waka garşydygyny, şol çäkde Siriýadaky dartgynlygyň gowşamagyna goldaw berýändigini aýtdy.

Siriýada parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin hökümet bilen oppozisionerleriň arasyndaky syýasy etabyň tamamlanmalydygyny aýdan Fidan, Türkiýä we siriýaly asuda ilata garşy terrorçylykly hüjümiň guralmagyna asla rugsat bermejekdiklerini ýatlatdy.

Ministr Fidan, Liwandaky ylalaşygyň yzygiderli bolmagy üçin Ysraýylyň wadasynda durmalydygyny, Gazada hüjümleriň gyssagly bes edilmelidigini we ynsanperwer kömeginiň bökdençsiz sebite ýetirilmelidigini nygtady.

Fidan bilen Blinken telefon söhbetdeşliginde Ukrainada we Günorta Kawkazda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem pikir alyşdy.

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsalbin Ferhan al Suud bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde hem Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan ertir Saud Arabystanyna gider
Hakan Fidan Saud Arabystanly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Hakan Fidan Saud Arabystanyna Gitdi
"Parahatçylyk Palestinalylaryň Ýurtlaryndan Çykarylmagy Bilen Ýola Goýlup Bilinmez”
Daşary Işler Ministri Fidan Russiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Iordaniýanyň Daşary Işler Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi