Daşary işler ministri Hakan Fidan, Ispaniýanyň Daşary işler, ÝB we hyzmatdaşlyk ministri Hoze Manuela Albares bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Fidan ispaniýaly kärdeşi Albares bilen Siriýada we Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.
Iki kärdeş Siriýada durnuklylygyň we parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin täze hökümete halkara derejesinde goldaw berilmeginiň möhümdigini nygtady.
Fidan bilen Albares ýurduň gaýtadan dikeldiş etaby hakynda hem pikir alyşdy.