Hakan Fidan Ispaniýada Saparda Boldy

Hakan Fidan Ispaniýada Saparda Boldy

Daşary işler ministri Hakan Fidan, “Hem Palestinanyň hem-de Ysraýylyň howpsuz we asuda ýagdaýda ýaşamagyny ýola goýjak iki döwletli çözgüt, Ysraýyl üçin hem taryhy pursatdyr. Ysraýylyň bu pursatdan ýerlikli peýdalanmagyny umyd edýäris” diýdi.

Ministr Fidan, X sosial media platformasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk we Arap ligasynyň Aragatnaşyk toparyna agza ýurtlar bilen Ispaniýanyň daşary işler ministri Hose Manuel Albaresiň ýolbaşçylygynda Madritde geçirlen maslahata gatnaşandygyny mälim etdi.

Hakan Fidan, Madritde Ispaniýanyň, Sloweniýanyň, Norwegiýanyň, Irlandiýanyň we ÝB-niň wekilleri bilen duşuşandyklaryny aýtdy.

Ispaniýanyň Palestina berýän goldawyna kanagatlanma bildiren Fidan, “Madritde Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes bilen duşuşdym. Madride guran saparymyň çäginde iki döwletli çözgüde berilýän goldawyň artandygyny gördük. Ýewropada ýerleşýän has köp ýurduň Palestinany ykrar etmek we Halkara Adalat diwanynda gozgalan işe degişli bolmak üçin taýarlyk görmegi bizi umytlandyrýar” diýdi.

Fidan, Ysraýylyň jerimesini çekmezliginiň we ABŞ tarapyndan Ysraýyla şertsiz goldaw berilmeginiň, halkara ulgamyň çökendigini görkezýändigini we bu ýagdaýyň Günbatarly ýurtlary biynjalyk edýändigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan FETÖ Garşy Göreşiň Dowam Etjekdigini Aýtdy
Hakan Fidan Günorta Kawkaz sebitleýin hyzmatdaşlyk platformasyna gatnaşdy
Fidan Mirzoýan bilen duşuşyk geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny