Türkiyäniň daşary işler ministrliginiň X sosial media platformasyndan berilen beýanatda: "Ministrimiz Hakan Fidan Kataryň paýtagty Doha şäherinde Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygynyň wekili Halid Meşala gynanç bildirdi" diýip habar berildi.
Beýanatda Fidanyň Meşal bilen geçiren duşuşygyna, Ismail Heniýeniň ogullary Abdüsselam Heniýeniň we Hemam Heniýeniň hem gatnaşandyklary mälim edildi.
Ismail Heniýe 30-njy iýulda Eýranyň täze prezidenti Mesud Pezeşkiýanyň kasam ediş dabarasyna gatnaşmak üçin baran Tähranda, galýan ýerinde guralan hüjümde ýogalypdy.