Hakan Fidan Iordaniýada geçiriljek Gaza temaly maslahata gatnaşar

Hakan Fidan Iordaniýada geçiriljek Gaza temaly maslahata gatnaşar

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Hakan Fidan Gazada ot açmazlyk ýaraşygynyň iň gysga wagtda üpjün edilmegi maksady bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Arap Bileleşiginiň Gaza aragatnaşyk toparynyň çägindäki duşuşyklaryny dowam etdirýär.

Aragatnaşyk toparynyň maslahatynda "Gazada dowam edýän genosidiň bes edilmegi, Ysraýyl-Palestina dawasynyň bes edilmegi we iki döwletli çözgüdiň durmuşa geçirilmegi üçin edilip bilinjek ädmleriň" ara alynyp maslahatlaşyljakdygy habar berildi.

Gaza gyssagly we üznüksiz ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi we şol çäkde UNRWA guramasynyň işlerine berilýän goldawyň artdyrylmagy hem maslahatda ele alynar.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna we Arap Bileleşiginiň Gaza aragatnaşyk toparyna agza ýurtlaryň ministrleriniň saparynyň çäginde Iordaniýanyň Şasy II Abdullah tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň daşary işler ministri Iordaniýada geçiriljek Gaza temaly maslahata gatnaşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Ispaniýada Saparda Bolýar
Hakan Fidan Arap Ligasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşine gatnaşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny