Türkiyäniň daşary işler ministrliginiň X sosial media hasabyndan berilen beýanatda, ministr Hakan Fidanyň Sinszýan uýgur awtonom sebitine guran saparynyň çäginde Kaşgar şäherindäki taryhy ýerleriň biri bolan Ýusuf Has Hajibiň kümmedine we Aýtgäh metjidine zyýarat etdi.
Hakan Fidan Urumçi we Kaşgar şäherlerine guran saparynda köçelerde gezelenç etdi, adamlar bilen söhbetdeş boldy.
Gabat gelen bir zenanyň ýanynda oturan Hakan Fidan, zenan bilen salamlaşdy we onuň bilen söhbetdeş boldy.
Ministr Hakan Fidan adynyň Eminedigini aýdan ýaşuly zenandan doga-dileg etmegi barada haýyş etdi.