Hakan Fidan Günorta Kawkaz sebitleýin hyzmatdaşlyk platformasyna gatnaşdy

Hakan Fidan Günorta Kawkaz sebitleýin hyzmatdaşlyk platformasyna gatnaşdy

Günorta Kawkaz Sebitleýin Hyzmatdaşlyk Platformasynyň 3-nji Duşuşygy Stambulda geçirilýär.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan, Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Erakçi we Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň gatnaşmagynda geçirilýän maslahata Türkiyä Daşary işler ministri Hakan Fidan wekilçilik edýär.

Duşuşygyň açylyşynda çykyş eden ministr Fidan, Günorta Kawkaza garaýyşlarynyň esasynda sebit eýeçilik düşünjesiniň bardygyny, sebit meselelerini iň gowy şol sebitiň döwletleriniň bilýändigine we olary çözip biljekdigine ynanýandyklaryny belledi.

"Ýakyn geografiýamyzda başymyzdan geçirýän çalşyrymly hadysalar, urşlar, Ýakyn Gündogarda Ysraýylyň döredýän ynsanperwer apat we zalymlyk, sebit derejesinde diýalogyň we hyzmatdaşlygyň nähili derejede möhümdigini ýene bir gezek görkezýär" diýip aýdan Hakan Fidan: "Günorta Kawkaza garaýşymyzyň esasynda hem sebit eýeçilik düşünjämiz bar. Sebit meselelerini iň gowy şol sebitiň döwletleriniň bilýändigine we olary çözip biljekdigine ynanýarys" diýip belledi.

Duşuşykda, sebitde urşuň we çaknyşyklaryň ýerine durnuklylygyň ýola goýulmagy we abadançylygyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ädimler seljerilýär, sebit arabaglanyşygynyň pugtalandyrylmagy bilen birlikde anyk hyzmatdaşlyk taslamalary ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Eýranly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Eýranly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow Türkiýede Saparda Bolar
Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow Ankara Geldi
Daşary Işler Ministri Fidan Russiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan rus kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Hakan Fidan Azerbaýjanda Saparda Bolýar