Hakan Fidan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Hakan Fidan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan hususu telewideniýe kanallarynyň birinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.

PKK/YPG meselesini Siriýadaky täze hökümediň kabul etmelidigini we öz ýurdunyň milli we sebit bütewiligini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmelidigini pikir edýändigini aýdan Hakan Fidan, Türkiyäniň bu meselede eýelejek roly barada bolsa: "Biziň PKK/ÝPG-e beren ultimatumymyz ortada.

Amerikalylaryň üsti bilen hem berdik, metbugatyň üsti bilen hem berdik.Halkara terror söweşijisi statusynda bolan, Türkiyeden, Eýrandan, Yrakdan gelenleriň ählisi Siriýany terk etmelidir" diýip belledi.

Fidan häzirki wagtda PKK/YPG-den munuň üçin hiç hili taýynlyk ýa-da niýet görmeýändiklerini belläp: "Ultimatumlar ýa-da şertler diýlende, şu sebäpli aýdýarys: Eger sebitde harby operasiýa islemeýän bolsaňyz, sebitde ne biz, ne-de Siriýanyň täze hökümedi tarapyndan şonuň şertleri aýdyňdyr" diýip nygtady.

Ekstremist terror guramasynyň agzalarynyň Siriýany terk etmeginden soň, beýleki agzalarynyň ýaraglaryny taşlap täze ulgama goşulmaklarynyň zerurdygyny aýdan Fidan: "Bu gansyz, meselesiz bir geçiş.Beýleki tarapdan PKK-a agza bolmadyk, eziz siriýaly kürtleriň janlaryna, emlägine hiç hili zyýan ýetmeden adaty gündelik durmuşa goşulmaklary we ýaşamaklary zerur.

Siriýadaky täze hökümet hem onuň kepilligini bize berýär.Sebäbi şertlerimiziň arasynda şol hem bar" diýip habar berdi.

Hakan Fidan Siriýadaky kürt raýatlaryna hem raýatlyk we şahsyýetnama berilmelidigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Belgiýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Siriýadaky wakalar barada beýanat berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Siriýada Saparda Boldy