Hakan Fidan grek kärdeşi bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Hakan Fidan grek kärdeşi bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen maglumata görä ministr Hakan Fidan kärdeşi Ýorgo Gerapetritis bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy.

Ministrleriň ikisi hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin bilelikde işleşmek babatynda ylalaşyga geldiler.

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Gresiýanyň täze Daşary işler ministri Ýorgo Gerapetritisi täze wezipesi bilen gutlady.

Gresiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi Twitter hasabyndan berilen beýanatda hem, dostlukly ýagdaýda geçen telefon gürrüňdeşliginde iki kärdeşiň 11-12-nji iýul aralygynda Litwanyň paýtagty Wilnýus şäherinde geçiriljek NATO sammitiniň çäginde duşuşymak barada karara gelendikleri habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Gresiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Dohada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Hakan Fidan Gresiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Papandreu Türkiýe bilen Gresiýanyň Arasndaky Dialogyň Möhümdigini Beýan Etdi
Hytaý Borreliň Pekine Gurajak Saparyny Yza Süýşürdi