Hakan Fidan FETÖ Garşy Göreşiň Dowam Etjekdigini Aýtdy

Hakan Fidan FETÖ Garşy Göreşiň Dowam Etjekdigini Aýtdy

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň aradan çykmagy bilen arkaýynlaşmajakdyklaryny, gurama garşy göreşiň dowam etjekdigini aýtdy.

Hakan Fidan paýtagt Ankarada saparda bolýan Ukrainanyň Daşary işler ministri Andrii Sibiha bilen duşuşdy.

Ministr Fidan duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

FETÖ-niň ýolbaşçysy Güleniň ýogalmagy barada durup geçen Fidan, “Terror guramasynyň ýolbaşçysy aradan çykdy. FETÖ-niň ýolbaşçysynyň aradan çykandygy hakyndaky habarlar razwetka gullugymyz tarapyndan hem tassyklandy” diýdi.

Daşary işler ministri Fidan, “Güleniň aradan çykmagy bilen arkaýynlaşmarys. Bu gurama ýaşlarymyzy halkyna dönüklik edýän maşyna öwürdi. Olara bu ýalňyş ýoldan ýüz öwürmekleri üçin çagyryş berýäris” diýdi.

Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Gülen ABŞ-da aradan çykdy.

Türkiýeden ABŞ-na gaçyp giden FETÖ-niň ýolbaşçysy Güleniň aradan çykandygy hakyndaky habarlar terror guramasyna ýakyn töwerekler we ýegeni tarapyndan tassyklandy.

Terrorçynyň 20-njy oktýabr gijesi aradan çykandygy nygtaldy.

FETÖ-niň ýolbaşçysy Gülen 1999-njy ýylda Türkiýeden ABŞ-na gaçyp gidipdi.

Terrorçy Gülen 2015-nji ýyldan bäri İçeri işler ministrligi tarapyndan gözlenýän terrorçylaryň sanawynda gyzyl kategoriýada ýer alýardy.

Türkiýe 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygyndan soň terrorçy Güleniň yzyna berilmegi üçin ABŞ-na 7 gezek ýüz tutupdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“FETÖ-niň ýolbaşçysynyň aradan çykmagy bizi arkaýynlaşdyrmaz, egilşiksiz göreşimiz dowam eder”
“Terrorçy Güleniň aradan çykmagy, Türkiýä dönüklük edenleriň soňynyň nähili boljakdygyny görkezdi"
FETÖ-niň Ýolbaşçysy Fetullah Gülen ABŞ-na Aradan Çykdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny