Hakan Fidan, Eýranly Kärdeşini Gutlady

Hakan Fidan, Eýranly Kärdeşini Gutlady

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Eýranyň täze Daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Diplomatik çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, Fidan, Arakça täze wezipesinde rowaçlyk arzuw etdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde Gazada we sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Eýranda geçen aý wezipesine başlan Prezident Mesud Pezeşkiýan tarapyndan ministrlige hödürlenenler 21-nji awgustda Eýranyň Mejlisinden ynam sesini alypdy.

Ýurduň ozalky Prezidenti Hasan Ruhani döwründe Daşary işler ministriniň orunbasary wezipesini ýerine ýetiren Abbas Araçi, Eýranyň täze Daşary işler ministri bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Palestinanyň Prezidenti Abbas Bilen Duşuşdy
Daşary Işler Ministri Fidan Türkmen Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Daşary Işler Ministri Fidan, Katarly we Müsürli Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Ukrainaly Kärdeşini Gutlady
Hakan Fidan Türkmenistanly Kärdeşi Meredow Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Gollandiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi