Hakan Fidan, Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi

Hakan Fidan, Eýranly Kärdeşine Gynanç Bildirdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Eýranyň Kirman şäherinde guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Diplomatik töwerekleriň berýän habaryna görä, Hakan Fidan, Eýranyň Daşary işler ministri Abdullahiýan bilen düýn telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ministr Fidan, Eýranyň Kirman şäherinde öňňin guralan terrorçylykly hüjümlerde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň terrorçylykly hüjüm sebäpli yza süýşürlen sapary hakynda hem pikir alyşdy.

ABŞ-nyň 2020-njy ýylyň 3-nji ýanwarynda Yragyň paýtagty Bagdatda guran hüjüminde ýogalan Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň Iýerusalim güýçleriniň ozalky serkerdesi Kasym Süleýmaniniň aradan çykmagynyň 4-nji ýylynda Kirman şäherindäki gubyrynyň golaýynda iki partlama bolupdy.

Hüjümlerde 84 adam ýogalypdy, 284 adam hem ýaralanypdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Fidan Bilen Lawrow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Eýran-Ysraýyl dartgynlygy barada beýannama berdi
Türkiyäniň daşary işler ministri Gresiýa sapar gurar
Antalýa gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 15 million adama ýetdi