Hakan Fidan Eýranly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen Palestinada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn hem Eýranda saparda boldy.

Kalyn saparynyň çäginde Eýranyň Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy İsmail Hatib we Milli Howpsuzlyk geňeşiniň baş sekretary Ali Akber Ahmediýan bilen duşuşdy.

Saparyň çäginde geçirlen gepleşiklerde PKK we DEAŞ-yň başda durmagynda ähli terror guramalaryna garşy alnyp barylýan göreş, Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar, Gazadaky ylalaşyk we Palestina meselesi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”
Türkiýe Bilen Şwesiýa Terrora Garşy Göreş Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy
Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
Hakan Fidan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
"Parahatçylyk Palestinalylaryň Ýurtlaryndan Çykarylmagy Bilen Ýola Goýlup Bilinmez”
Hakan Fidan Alžirli Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi