Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan ýörite bir telewideniýe kanalynyň göni ýaýlymynda beýannama berdi.
Ýakyn Gündogarda başdan geçirilen soňky wakalaryň üstünde durup geçen Hakan Fidan: "Häzirki wagtda biri-biri bilen baglanyşykly wakalar bilen ýüzbe-ýüz bolup durys. Bir tarapdan Palestina Gaza genosidi, bir tarapdan Liwan bar, başga bir tarapdan Eýran bilen ähtimal uruş mümkinçiligi bar. Hemmesiniň aýratyn dinamikasy bar. Hemmesinden habarlydyrys" diýip habar berdi.
Ysraýyl bilen Eýranyň urşa başlamak ähtimallygynyň üstünde durup geçen Hakan Fidan: "Muny ýokary ähtimallyk hökmünde garamalydyrys.Muňa ýurt we sebit hökmünde taýýar bolmalydyrys.Sebitde urşuň ýaýramagy biziň isleýän zadymyz däl. Ähli güýjümiz bilen soňky 20 ýylda basybalyjylyga, weýrançylyga sezewar bolan Ýakyn Gündogar geografiýamyzda urşy bes etmek üçin möhüm tagallalarymyz bar.
Sebit halklarynyň durnuklylygy we howpsuzlygy üçin urşuň bolmazlygy zerur" diýip nygtady.
Daşary işler ministri: "Eger Eýran kanuny taýdan özüni goramak hukugyny saýlap alsa, bu hem onuň hukugydyr" diýip belledi.