Hakan Fidan ertir Saud Arabystanyna gider

Hakan Fidan ertir Saud Arabystanyna gider

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä ministr Hakan Fidanyň geçirjek duşuşyklarynda iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň günsaýyn has hem güýçlenýändigini belläp geçmegine, Saud Arabystany bilen tiz depginler bilen ösýän söwda mukdaryny has hem ösdürmegi maksat edinýändiklerini aýtmagyna garaşylýar.

Hakan Fidanyň halkara jemgyýetçiliginiň Siriýadaky täze hökümet bilen gatnaşygynyň artmagynyň möhümdigini we Saud Arabystanynyň bu meselede çemeleşmesine ýokary baha berilýändigini aýtmagyna garaşylýar.

Hakan Fidanyň mundan başgada, Türkiyäniň Siriýa garşy ozal girizilen sanksiýalary ýatyrmakda Saud Arabystany bilen hyzmatdaşlygyna ähmiýet berýändigini we Gazadaky ýaraşygyň hemişelik bolmagy üçin halkara jemgyýetçiliginiň Ysraýyla edýän basyşyny artdyrmagynyň zerurdygyna ünsleri çeker.

Bu sapar mynasybetli 2016-njy ýylda iki ýurduň arasynda döredilen we ilkinji maslahaty 2017-nji ýylyň 7-8-nji fewralynda paýtagt Ankarada geçirilen Türk-Saud Utgaşdyryjy Geňeşiniň işi hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Saud Arabystanyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan 14-nji iýulda Türkiyede saparda bolupdy. Fidan hem köptaraplaýyn Siriýa maslahatyna gatnaşmak üçin 12-nji ýanwarda Riýatda saparda bolupdy we duşuşygyň çäginde Bin Farhan bilen duşuşyk geçiripdi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Saud Arabystanyna Gitdi
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Hakan Fidan Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Geçiriljek Siriýa Maslahatyna Gatnaşar
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Siriýa temaly maslahata gatnaşdy
“Ysraýyl Asla Başar Asadyň Gitmegini Islemedi”