Hakan Fidan Erdogan-Asad Duşuşygy Boýunça Işleýändigini Aýtdy

Hakan Fidan Erdogan-Asad Duşuşygy Boýunça Işleýändigini Aýtdy

Hakan Fidan “Sku News Arabia” teleýaýlymynda aktual meseleler we daşary syýasat boýunça beýannama berdi.

Fidan: “Sebitdäki doganlyk we dostlukly ýurtlar bilen gatnaşylarymyzy kadalaşdyryşymyz ýaly Siriýa bilen hem belli ugurlarda başlangyçlar etmek isleýäris. Prezidentimiz bu meselede iň ýokary derejede onsuz hem yglan etdi. O näme? Biz aramyzdaki bar bolan düşnüşmezlikleri çözmek üçin dialogy ähli derejede, Prezident derejesi bilen bilelikde ýola goýmaga taýýar diýdi” diýdi.

“Biz güýçli ýurt, çäresizlik sebäpli gepleşik gözleginde däl, kämilligimiz sebäpli gepleşik isleýäris. Ýagny güýjümizi däl, diplomatik kuwwatymyzdan we sebitiň parahatçylyga bolan zerurlygyndan peýdalanmak isleýäris” diýen Fidan, Prezident Erdogan bilen Başar Asadyň duşuşygynyň ähtimallyga degişliligi hakynda bolsa; “Prezidentimiz şeýle teklibi hödürledi, ýagny biz hem bu mesele boýunça işleýaris. Häzirlikçe anyk bir zat aýtmak üçin ir, emma men işleýärin” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Bişkekde Aliýew Bilen Duşuşdy
Prezident Erdogan Wengriýa Gitdi
Prezident Erdogan, Yragyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Hakan Fidan FETÖ Garşy Göreşiň Dowam Etjekdigini Aýtdy
Fidan Bilen Lawrow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Eýran-Ysraýyl dartgynlygy barada beýannama berdi