Hakan Fidan Dohada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi

Hakan Fidan Dohada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Kataryň paýtagty Dohada, Hamasyň Şura Mejlisiniň başlygy Muhammed Derwiş Ismail we Hamasyň syýasy bölüminiň agzalary bilen duşuşdy.

Daşary işler ministrliginiň X sosial media platformasyndan beren habarnamasyna görä, duşuşykda Gazadaky gumanitar ýagdaý bilen hüjümleriň bes edilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministri Fidan, Dohada Gresiýanyň Daşary işler ministri Ýorgos Ýerapetritis bilen hem duşuşdy.

Hakan Fidan Gresiýaly kärdeşi bilen özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Gresiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Brýusselde Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Hakan Fidan Saud Arabystanynda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Hakan Fidan Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Hakan Fidan Gresiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Hakan Fidan Gresiýada Saparda Bolar