Hakan Fidan DKTR-da Saparda Bolar

Hakan Fidan DKTR-da Saparda Bolar

Daşary işler ministri Hakan Fidan, şu gün Demirgazyk Kipr Türk Respublikasyna gider.

Hakan Fidanyň 2 gün dowam etjek iş saparynyň çäginde Kipr meselesinde ýetilen soňky sepgit bilen birlikde özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylar.

Hakan Fidanyň gelejek aýlarda BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilmegi meýilleşdirilýän gepleşikleriň öňüsyrasynda DKTR-da möhüm duşuşykar geçirmegine garaşylýar.

Ženewada BMG-nyň Baş sekretarlygynyň ýolbaşçylygynda geçiriljek gepleşiklere Ada-daky iki lider bilen birlikde Türkiýäniň we Gresiýanyň wekilleri bilen hemaýatkär ýurt Britaniýa gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Ersin Tatar: "Ata Watanymyz Türkiyä minnetdardyrys" diýdi
Prezident Erdogan Liwiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Hakan Fidan Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Şeýbani şu gün Türkiyä sapar gurar
Siriýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar
Hakan Fidan Tanýa Faýon bilen duşuşyk geçirdi