Daşary işler ministri Hakan Fidan, Demirgazyk Makedoniýanyň paýtagty Skopýada Prezidenti Gordana Silýanowska Dawkowa we Garadagyň Prezidenti Ýakow Milatowiç tarapyndan kabul edildi.
Daşary işler ministrliginiň X sosial media platformasyndan berlen habarnamada, ministr Fidanyň Demirgazyk Makedoniýanyň Prezidenti Gordana Silýanowska Dawkowa we Garadagyň Prezidenti Ýakow Milatowiç bilen paýtagt Skopýada geçirlen Günorta Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatynyň çäginde duşuşandygy nygtaldy.
Daşary işler ministri Hakan Fidan soň bolsa Prezident R. T. Erdoganyň adyndan Günorta Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşdy.
Günorta Gündogar Ýewropadaky 13 ýurdy öz içine alýan ýeke-täk sebitleýin hyzmatdaşlyk forumy bolan GDAÜ 1996-njy ýylda döredilýär.