Daşary işler ministri Hakan Fidan, Birtaniýa guraýan resmi saparynyň çäginde paýtagt Londonda Britaniýanyň Daşary işler ministri Dewid Lammi bilen duşuşdy.
Iki kärdeş duşuşykda özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.
Fidan bilen Lammi, erkin söwda şertnamasynyň giňeldilmegi, energetika we täze hyzmatdaşlyk ugurlary ýaly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşykda goranyş senagaty boýunça edilýän hyzmatdaşlyk meselesi hem gün tertibine getirildi.
Terrora garşy göreş boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Hakan Fidan Gazadaky adamzat pajygasynyň ortadan aýrylmagy üçin Türkiýäniň edýän tagallasyna ünsi çekdi.