Hakan Fidan Bilen Entoni Blinken Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Hakan Fidan Bilen Entoni Blinken Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Önjü Keçeli X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, Fidanyň Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim etdi.

Habarnamada, Fidan bilen Blinkeniň Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky gepleşik etaby we sebitde artan dartgynlyk hakynda hem pikir alyşandygy bellenildi.

Hakan Fidan telefon söhbetdeşliginde, Entoni Blinkene, yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin Ysraýyla basyş edilmelidigini aýtdy.

Ministr Fidan, Hamasyň syýasy lideri Ismail Haniýýeniň şehit edilmeginiň we palestinalylara garşy dowam edýän gyrgynçylygyň Ysraýylyň parahatçylyk islemeýändigini açyk-aýdyň görkezýändigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Dohada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Hakan Fidan ertir Saud Arabystanyna gider
Hakan Fidan Hamasyň Syýasy Toparynyň Agzasy Haýýe Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”
Prezident Erdogan Liwiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Hakan Fidan Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Şeýbani şu gün Türkiyä sapar gurar