Hakan Fidan Beýik Britaniýa sapar gurar

Hakan Fidan Beýik Britaniýa sapar gurar

Diplomatik habar çeşmelerden alynan maglumatlara görä, bu saparyň Hakan Fidanyň Beýik Britaniýa ikitaraplaýyn derejedäki ilkinji resmi sapary bolar.

Saparyň çäklerinde, Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Dewid Lammi bilen duşuşjak ministr Hakan Fidan, paýtagt Londonda duşuşyklar geçirer.

Hakan Fidanyň, kärdeşi Lammi bilen geçirjek duşuşygynda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda ösmeginden hoşaldygyny beýan etmegine we Türkiyäniň, häzirki Erkin Söwda Ylalaşygynyň çäginiň giňeldilmegi bilen baglanşykly gepleşikleri başlatmaga taýýardyklaryny aýtmagyna garaşylýar.

Mundan başgada duşuşykda, energetika we ulag ugurlary başda bolmak bilen, täze hyzmatdaşlyk ugurlarynyň üstünde durulyp geçiler, iki hyzmatdaş ýurduň goranyş senagaty ugrunda edip biljek hyzmatdaşlyklary ele alynar, terrora garşy göreşde hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtalar, Gazadaky ynsanperwer krizisiň ululygy we ynsanperwer kömekleriň ýetirilmeginde başdan geçirilýän kynçylyklara ünsler çekiler we Türkiyäniň sebitinde uruş islemeýändigi barada ýüzlenme beriler.

Halkara hukugy äsgermezlik edýän Ysraýylyň BMG-ny we onuň edaralaryny gönüden nyşana almaga başlamagyna bildirilýän aladanyň paýlaşyljak duşuşykda, Ysraýylyň Palestina we Liwandan soň, Eýrana garşy guraýan hüjümleri bilen urşy sebitiň ähli ýerine ýaýratmak maksadyna garşy, ähli taraplaryň parasatly hereket etmeginiň zerurdygy beýan ediler.

Duşuşykda şeýle hem, sebitde hemişelik ylalaşygy üpjün etmek üçin edilýän başlangyçlar we iki döwletli çözgüt maksatnamasy barada pikir alyşmaklygy göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Müsüre Gider
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Kärdeşleri Bilen Siriýada Başdan Geçirilýän Soňky Wakalar Hakynda Pikir Alyşdy
Hakan Fidan Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Hakan Fidan Telefon Diplomatiýasyny Dowam Etdirýär
“Ysraýyl Asla Başar Asadyň Gitmegini Islemedi”