Hakan Fidan Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi

Hakan Fidan Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi

Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Arap Bileleşiginiň baş sekretary Ahmed Abu Gaýty paýtagt Ankara şäherinde kabul etdi.

Türkiyäniň daşary işler ministrliginiň X sosial media hasabyndan berilen beýanata görä, Hakan Fidan Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi.

Hakan Fidan şeýle hem BMG-nyň baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Liwandaky we Ukrainadaky soňky hadysalaryň ara alynyp maslahatlaşylan telefon söhbetdeşliginde, Kipr bilen bagly meseleler hem ele alyndy.

Türkiyäniň daşary işler ministrliginiň X sosial media hasabyndan berilen başga bir beýanata görä bolsa, minstr Hakan Fidanyň paýtagt Ankara şäherinde mundna başgada Wengriýanyň Milli mejlisiniň başlygy Laslo Kýower bilen duşuşyk geçirendigi mhabar berildi.

Ýene degişli makalalar

Iordaniýanyň Daşary Işler Ministri Ankarada Saparda Bolar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Daşary Işler Ministi Fidan Liwanyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiyäniň daşary işler ministri Gresiýa sapar gurar
Hakan Fidan Finlýandiýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy