
Daşary işler ministri Hakan Fidan Adalat we ösüş partiýasynyň Nigdede geçirilen çäresinde çykyş etdi.
Ençeme ýyl bäri durmuşa geçirýän strategiýalary bilen parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin ellerinden gelenini edýändiklerini aýdan Hakan Fidan: "Goňşuçylyk bilen doganlyk hukugynyň talaplaryny ýerine ýetirdik.Siriýada dogruçyllaryň we ezilenleriň tarapynda durmak biziň üçin uly hormat.
Nesip bolsa siriýaly doganlarymyza gaty gowy günler we gelejek garaşýar.Biz diňe bir Siriýanyň täze hökümedini goldamak bilen çäklenmeýäris, beýleki tarapdan halkara jemgyýetçiligini Siriýany goldamaga çagyrýarys" diýip belledi.
Hem sebitde hem-de goňşy ýurtlarda parahatçylygyň we durnuklylygyň bolmagyny isleýändiklerini aýdan Hakan Fidan, Palestinada parahatçylyk we adalat ýola goýulmasa, Gazada bütin dünýäniň gözüniň öňünde dowam edýän genosid bes edilmese özleri üçin ukynyň we rahatlygyň bolmajakdygyny beýan etdi.
Türk milletiniň Palestina dawasyna uly ähmiýet berýändigine ünsleri çeken Hakan Fidan: "Iýerusalimiň asla basyp alyşlyk astynda bolmazlygy üçin her kim bu gün doga-dilegini, tagallasyny kem etmeýär.Bu hakykat ortada boldugy saýyn biziň döwlet, millet we hereket hökmünde Palestina we Iýerusalim meselesinden daşda durup bilmeris. Şonuň üçin Allanyň kömegi bilen ähli mümkinçiliklerimizi ulanmaga dowam ederis.
Biz ony iň ussat, strategiki we iň gowy usulda nähili etmeli bolsak, şolar ýaly ýagdaýda dowam etdireris" diýip habar berdi.