Haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiz Watanymyza gaýdyp geldi

Ýurdumyzyň zyýaratçylar topary haj parzyny berjaý etmek maksady bilen, Saud Arabystanynda boldular. Düýn bu toparyň galan bölegi Watanymyza gaýdyp geldi. Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň mübärek günlerinde Türkmenistanyň bäş welaýatynyň we paýtagtymyzyň wekilleri dünýäniň millionlarça zyýaratçylary bilen bilelikde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede boldular.

Türkmen zyýaratçylary ýörite uçarda Aşgabadyň Halkara howa menziline geldiler. Soňra bolsa “Parahat 7” ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidine bardylar. Metjidiň ýanynda ildeşlerimizi dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary garşyladylar.

Haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiziň maşgala ojaklarynda sahawatly desterhanlar giňden ýazylyp, milli tagamlar taýýarlanyldy.

Goý, ildeşlerimiziň zyýaratlary, keramatly ýerlerde edilen ybadatlar, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň we tutuş adamzadyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna edilen dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Ýene degişli makalalar

Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý edip geldiler
Magtymgulynyň döredijiliginde syrly ýyllaryň beýany
Türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary Käbeden gaýdyp geldi
Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi, Arkadag şäherinde durmuş toýy tutuldy, türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanyndan Watanlaryna dolandylar we beýleki habarlar
TÜRKMEN ZYÝARATÇYLARY MEKGÄ HAJA UGRADYLAR
Asylly işler rowaçlyklara beslenýär