28-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebit-az toplumynyň paýtagtymyzdaky Medeni-işewürlik merkezinde Daşary işler ministrliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň wekilhanasynyň goldamagynda ýurdumyzyň Sazçylyk jemgyýetiniň guran “Durnukly ösüşiň maksatlary: 2030-njy ýyla çenli Ählumumy gün tertibiniň kabul edilmeginiň 1000 güni mynasybetli” atly tans festiwaly geçirildi.
Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, DÖM boýunça Okuw-usulýet merkeziniň işgärleri, şeýle hem tans sungatynyň muşdaklary çäräniň myhmanlary boldular.
BLACK FIRE, Banshee Crew, ART MOTION, Pray for fox, DANCE FLOW, Эксклюзив, Stem Style, SKY LIBERTY, JEYRAN-GOLD, КРИСТАЛЛ, FLASH we beýleki toparlar tematiki tanslary görkezdiler.
Çykyşlaryň hersi Durnukly ösüşiň maksatlarynyň 17-sinden birine bagyşlandy. Sahnadan çeper tans dili bilen dünýäni has gowulandyrmaga çagyryş beýan edildi. Festiwala gatnaşanlaryň Türkmenistanda DÖM-ň durmuşa geçirilmegine we durnukly ösüşiň bähbitlerine ählumumy hyzmatdaşlyga bagyşlanan köpçülikleýin tansy çäräniň aýgytlaýjy pursady boldy.
Çäräniň ahyrynda BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Ýelena Panowa ýurdumyzyň Sazçylyk jemgyýetine minnetdarlyk hatyny, horeograflara hormat hatlaryny we tansçylara ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdy.