Häzirki zaman sungatyna goşulan bäş zehin

Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda bu döredijilik mekdebiniň uçurymlarynyň bäşisiniň işleriniň sergisi açyldy, sungata aşyk ýigitleri okan ýyllary dostlaşdyrdy. Olary gyzyklandyrýan zatlar kybap gelse-de, ýigitleriň awtorlyk garaýşydyr çeperçilik tilsimlerinde tapawut kän.

Gahryman Goçmyadowyň işlerine syn edeniňde, göwnüňe bolmasa, oňa suratlaryna ýordum gözläp öýden çykasy iş ýok ýaly bolup dur. Onuň “Güllerim” atly eserinde nakgaş uklap ýatan çagajyklary şekillendiripdir. Owadan düşekçede ýatan çagalar çagalar olar durmuşyň güli many beýär.

Gahryman “Ussahna” suratynda her santimetri ýerlikli ulanylýan öz iş ýerini çekipdir. Ýokarky bölekde suratlar goýlan tekje, gapdalda kitaply tekje, oýa batanyňda çöker ýaly diwan hemem ... kir ýuwýan enjam, ony stoljyk hökmünde-de ulanybermeli. Eserde durmuşy ýagdaýdan habar berýän ownukly-irili zatlar kän.

Begenç Berkeliýewiň ady žiwopis muşdaklaryna tanyşdyr. Meniň ünsümi çeken işleriň birem onuň “Telefon” atly suraty boldy. Ol ýokarsyndan çekilýän rakursy ulanyp, onda öýjükli telefonyň daşyna egelenşip duran çagalary şekillendirilipdir, has dogrusy, bäş sany tahýa bilen biriniň süýr depesini çekipdir...

“Milli natýurmort” suraty has-da üýtgeşik, onda... oglan-gyzlaryň dürli keşdeli tahýalary bilen bir ýerde ýerleşdirilen süýji narlar reňki hem görnüşi babatda sazlaşyk döredýär. Adaty ýagdaýlara we zatlara üýtgeşik garaýşy - Begenjiň döredijiliginiň özboluşly tapawutly tarapydyr.

Amanmyrat Modyýew žiwopisde düýtgöter başga usulda işläpdir. Onuň “Bazar”, “Garrygyz” we beýleki suratlary owadan bezegli tilsimde çekilipdir, şonuň üçinem biziň üçin adaty miweler hem üýtgeşik gelşige gelip, dürli duýgylar döredýär.

“Garrygala” suraty-da tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýän iş, onda ýordumlaryň ikisi bir-birine utgaşýar: suratyň aşaky böleginde asmandan görünýän tebigat gözelligi, ýokarky böleginde gözelden sahawatly Garrygalanyň nyşany hökmünde miweleri ýetişen nar agaçlary şekillendirilipdir.

Döwran Hezretgulyýewiň awtorlyk tilsiminde reňkleriň goýraslygy we detallary nygtamak agdyklyk edýär. Suratyň esasy gara düşegi surata düşüniş çägiňi we ondan many çykaryş çygryňy giňeldýär. “Garrygala” atly işi bolsa, tersine sazlaşykly reňk özboluşlyklaryndan doly, ol şatlyk duýgusyny beýan edýän “Baýrama taýýarlyk” işi ýaly reallygy bilen özüne çekýär.

Rahman Rahmanowyň grafiki işleri filosofiki obrazlylygy we simwolizmi bilen saýry gelýär. Bu babatda onuň “Mellek” we “Derwiş” işleri has bellärliklidir. Sahawatlylygyň nyşany bolan dolmuş zenan bişen miweleri sapaga sapyp otyr. Ol arkasyny alma agajyna beripdir, bu bolsa olary bitewi bir zat ýaly görkezýär.

Egnindäki eşigi jinde bolan derwiş gugaryp galan takyrda gyrmyldap barýar. Ykbal onuň kaddy-kamatyny egenem bolsa, sergezdan filosofyň ruhuny welin ejizledip bilmändir...

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2013-nji ýyldaky uçurymlaryň işleriniň sergisi açyldy
Aşgabatda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň çeken suratlarynyň sergisi açyldy
13.06.2017 • Begenç Berkeliýew milli žiwopis mekdebiniň zehinli ýaşlarynyň birirdir ...
15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary