Häzirki zaman kakylyp çalynýan saz gurallary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynda jemgyýetimizde medeniýetiň we sungatyň ösdürilmegine, milli mirasyň gaýtadan dikeldilmegine, onuň aýawly saklanyp, geljekki nesillere ýetirilmegine uly üns berilýär.

Dünýäniň çar künjüne ýaýran kakylyp çalynýan saz gurallary türki halklaryň hem aýdym-saz sungatynyň aýrylmaz bir şahasy bolup durýar.Türkmen halkynyň saz medeniýetinde aýratyn orun eýelen bu saz gurallary kämilleşmegiň uzak menzillerini geçip, adamzat tarapyndan döredilen ilkinji saz gurallaryň biri hasaplanýar.

Häzirki simfoniki orkestrleriň hiç birisi hem kakylyp çalynýan saz gurallarynyň owazlaryndan daşda durmaýar.Gadymy döwürlerden häzirki günlere çenli kakylyp çalynýan saz gurallary sazandalary täze owazlary gözlemäge ruhlandyrdy.Häzirki zaman dünýäsinde ähli owazlar eşidilip, ähli sazlar eýýäm çalynan ýaly görünse-de, adamzat has çylşyrymly sazlary çalmagyň üstünde işleýär.

Häzirki wagtda hang we glýukofon ýaly köp sanly saz gurallary ses sintezi ugrundaky barlaglaryň netijesinde peýda bolýar. Ýaňlanýan bir zady urmak ýa-da sandyratmak arkaly ses öndürýän saz gurallary toparyna kakylyp çalynýan saz gurallary diýilýär.

Adamzat taryhynda kakylyp çalynýan saz gurallary beýleki saz gurallaryndan has ir ýüze çykypdyr.Ilkinji kakylyp çalynýan saz gurallaryndan biri bolan gadymy deprekler häzirki zaman gurallaryndan onçakly tapawutlanmaýar.Deprek özüniň gurluşy boýunça membranalary dartdyrylan içi boş gapdyr.

Depregiň umumy gurluşy üýtgemändir.Ir zamanlarda ony ýasamak üçin haýwan derisi ulanylan bolsa, biziň günlerimizde onuň ýerine polimer birleşmeleri ulanylýar.Dünýä halklary öz taryhynyň bütin dowamynda dürli-dürli kakylyp çalynýan saz gurallaryny döredipdirler.

XX asyrda etnografiýa, akustika hünärmenleri, sazandalar we kompozitorlar etnik ýa-da retro stiliniň modasyna hormat hökmünde gadymy gurallara ýüz tutýarlar.Afrika ritmlerine bolan gyzyklanma we kakylyp çalynýan dürli saz gurallarynyň toparyny ulanmak ýörelgesi dürli deprekleriň toparyny döretmek ugrundaky synaglara sebäp bolupdyr. Şonuň netijesinde hem bas deprek, aýak pedally deprek, kiçijik deprekler, uly asma diskler we beýleki kombinasiýalar giňden ýaýrady. 1930-njy ýyllarda ülňülere laýyk deprek toplumy häzirki zaman görnüşine eýe boldy.

Depgini çaltlaşdyrmak üçin gurluşy boýunça has çylşyrymly enjamlar peýda boldy.Kakylyp çalynýan saz gurallaryny ösdürmegiň ýene bir ugry bolsa, elektron ses ulgamyndaky barlaglar boldy.Hususan-da, sesleri adaty görnüşlerde elýeterli bolmadyk elektro deprekleriň dürli görnüşleri döredildi.

1990-njy ýyllarda ilkinji deprek enjamlary ritm şekillerini birnäçe gezek programmirläp we çalyp bilýän enjamlar peýda bolup başlady.Bu gural täze saz ugurlarynyň ösmegine uly goşant goşdy we täze saz gurallarynyň döredilmegine ylham berdi. Şeýle gurallaryň biri hem Hang diýlip atlandyrylyp, ol 2000-nji ýylda perkussiýa boýunça hünärmenler Feliks Rohner we Sabina Şerer tarapyndan oýlanyp tapylan häzirki zaman kakylyp çalynýan saz guralydyr.

Guralyň meşhurlygy artyp, bütin dünýäde onuň birnäçe nusgasy döredilip başlandy.Hang-yň hereket ýörelgesine meňzeş gurallaryň arasynda 2005-nji ýylda döredilen Glýukofon uly meşhurlyga eýe boldy.

Şeýle-de etno gurallar, mysal üçin, Ýagyş hasasy diýlip atlandyrylýan Rainstick ýygy-ýygydan ulanylýar.Bu gural XX asyryň ortalaryndan Ekwadoryň we Latyn Amerikasynyň çäklerinde giň meşhurlyk gazandy.Bu gural ýagşyň sesini we suwuň şaglap akýan sesini döredýär.

Adaty bolmadyk saz guraly Marble Machine hem 2014-nji ýylda Wintergatan toparynyň sazandalarynyň biri tarapyndan oýlanyp tapyldy.Gural wibrafon, metalofon, deprek, bas gitara we käbir beýleki saz gurallaryny özünde jemleýär.

Häzirki wagtda döwrebap elektron gurallar bilen işlemek üçin täze bilimler we tejribeler zerur bolup, awtorlaryň öňünde täze meseleler peýda bolýar.Elektron sesi gaýtadan işlemegiň kömegi bilen sesiň dowamlylygyny üýtgedip, dürli gelip çykyşly sesleri sepläp bolýar. ХХ we ХХI asyrda tehnologiýanyň kömegi bilen sungatyň täze görnüşleri we žanrlary peýda bolýar, täze ugurlar ýüze çykýar, ýöne adamzat taryhynyň iň gadymy hemralary bolan kakylyp çalynýan saz gurallary özüniň ähli üýtgeşmeleri bilen birlikde, gadyr-gymmatyny saklaýar. Şu günki günde kakylyp çalynýan saz gurallarynyň köp sanly görnüşi bolup, olar barha kämilleşdirilýär.

Sungat ussatlary hem ata-babalarymyzyň miras galdyran ýörelgelerine eýerip hem-de täze-täze eserleri döredip sungatyň bu görnüşini dowam etdirýärler.

Allamyrat DURDYGYLYJOW,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň

ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň direktorynyň

saz bölümi boýunça orunbasary.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly samboçylar 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatory bilen ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi kärhanalarynyň maddy-tehniki binýadyny berkidýär
Türkmendeňizderýaýollary agentligi kanton halkara sergisine gatnaşdy
Nova-C kosmos gämisi Aýa gondy
Aýda ösümlik ýetişdiriler