“Häzire Çenli Ýurdumyzda 5 Adam Maýmyn Mama Keseli Sebäpli Hasaba Alyndy”

“Häzire Çenli Ýurdumyzda 5 Adam Maýmyn Mama Keseli Sebäpli Hasaba Alyndy”

Saglygy Goraýyş ministri Fahrettin Koja, Türkiýede häzire çenli 5 adamyň maýmyn mama keseli sebäpli hasaba alynandygyny aýtdy.

Minisrt Koja, düýn Prezidentiň Kompleksidne geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

Maýmyn mama keseli hakyndaky soraga jogap beren ministr Koja, “Häzire çenli ýurdumyzda 5 adam maýmyn mama keseli sebäpli hasaba alyndy. Keselliler we hossarlary karantina alyndy. 4 kesellimiz dolulygyna gutuldy, 1 adamyň bejergisi bolsa dowam edýär” diýdi.

Kesellileriň saglyk ýagdaýynyň gowydygyny nygtan Koja, “Maýmyn mama keseli ýurdumyz taýdan howply däl” diýip belledi.

Kovid-19-yň Omikron görnüşüniň bir adamdan beýleki adama has çalt ýokaşýandygyny aýdan Fahrettin Koja, emma wirusa ýoluganlaryň hassalygy ýeňil geçirýändigine ünsi çekdi.

Saglygy Goraýyş ministri Fahrettin Koja “Raýatlarymyza sanjymlaryny doly tamamlamaklaryny maslahat berýärin, esasan ýaşulylarymyzy goralyň” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Gazaly Hassalar Ankara Getirildi
Prezident Erdogan Liwanyň premýer ministrini kabul eder
Fahrettin Altun: "Netanýahunyň esassyz aýyplamalary netijesiz galar" diýdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Fahrettin Altun YHG-na agza ýurtlaryň resmileri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi
Fahrettin Altun "Gazadaky genosid: Täze subutnamalar" atly maslahatda çykyş etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny