Häkimler oba hojalyk işleriniň gidip duran ýerinden Berdimuhamedow bilen göni aragatnaşyga çykdylar

Häkimler oba hojalyk işleriniň gidip duran ýerinden Berdimuhamedow bilen göni aragatnaşyga çykdylar

28-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň paýtagtynyň we welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda Aşgabady hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň hem-de owlak-guzy möwsüminiň barşyna garaldy.

Bu gezekki iş maslahaty adatdakylardan tapawutly boldy, ýagny sebitleriň ýolbaşçylary oba hojalyk işleri alnyp barylýan ýerlerden türkmen Lideri bilen göni aragatnaşyga çykdylar.Hususan-da, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanyndan, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew Serdar etrabynyň Goç daýhan birleşiginden, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň “Zehin açary” daýhan hojalygyna degişli meýdanda ýazlyk ýeralmanyň ekişine girişilmeginiň bellenilen ýerinden, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew Çärjew etrabynyň Amyderýa daýhan birleşiginden, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew Sakarçäge etrabyndaky Maldar maldarçylyk hojalygyna degişli sürüden sanly ulgam arkaly göni aragatnaşyga çykdylar.

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow bolsa Arçabil şaýolunyň ugrundaky “Abadançylyk” binasynyň ýanyndan göni aragatnaşyga goşuldy.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp: Biziň esasy maksadymyz azyk bolçulygyny pugtalandyrmakdan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr diýip bellemek bilen, her bir ýolbaşçynyň özüne ynanylan wezipäni ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli, yhlasly we päk ýürekden çemeleşmeginiň möhüm talapdygyny belledi. Şeýle-de türkmen Lideri Daşoguz welaýatynda ýazlyk ýeralmanyň ekişine ak pata berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi