Häkimiýetler ýaşlara Azatlygy yzarlamazlygy ündeýär

Häkimiýetler ýaşlara Azatlygy yzarlamazlygy ündeýär

Türkmen häkimiýetleri Türkmenistan barada türkmen dilinde garaşsyz maglumat berýän ýeke-täk köpçülikleýin habar beriş serişdesi bolan Azatlyk Radiosyna garşy täze kampaniýalara badalga berýär.

Ýerli kanun goraýjy edaralaryň işgärleri Lebap welaýatynda ýerleşýän hökümet binalarynda ýaş raýatlar bilen ýygnaklary geçirip, Azatlyk Radiosyny yzarlamazlygy ündeýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebit merkeziniň şäher häkimligindäki bir çeşmä salgylanyp, 21-nji iýunda şeýle ýygnaklaryň Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi we prokuratura işgärleri tarapyndan bilelikde guramalaşdyrylandygyny habar berdi.

“Azatlyk Radiosy Günbatarda işleýär we şol ýerden maliýeleşdirilýär. Günbatar ýurtlary Türkmenistandaky ýagdaýlary durnuksyzlaşdyrmaga synanyşýar. Ynanmaň, aýdýan zatlarynyň ählisi myş-myşdan ybarat” diýip, şäher häkimligindäki çeşme kanun goraýjy işgärleriň ýygnananlara aýdan sözlerini sitirledi.

Ýygnaklara döwlet edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaş raýatlar gatnaşdyrylýar.

Türkmenistanda Azatlyk Radiosyna garşy gaýtadan bat berilýän kampaniýalar Merkezi Aziýa sebitinde özüniň giň möçberli täsir güýjüni saklap galýan Russiýanyň Ukrainada alyp barýan esassyz çozuşynyň fonunda, post-sowet giňişlikde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynda garaşsyz media serişdeleriniň barha köp çäklendirilýän pursatlaryna gabat gelýär.

Şeýle-de, türkmen häkimiýetleriniň ýygnaklardaky “Günbatar ritorikasy” rus media serişdelerinde yzygiderli gaýtalanýan Günbatar ýurtlaryndan kollektiwleýin duşman ýasamak synanyşyklary bilen aýakdaşlygy saklap galýar.

Häkimiýetler Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habar berýän käbir sebitlerinde soňky ýyllarda akkreditasiýalardan mahrum edilmegini ýygnaklarda gün tertibine getirip, bu ýagdaýy halkara media guramasynyň maglumat giňişligindäki abraýynyň peselmegi hökmünde düşündirmäge synanyşýarlar.

“Olar [Azatlyk Radiosy] diňe garalaýjy maglumatlary ýaýratmakdan başga zatlary bilenoklar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri häkimiýetleriň ýygnaklarda aýdan sözlerini sitirleýärler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy resmi web sahypasy media guramasynyň missiýasyny garaşsyz metbugatyň hökümet tarapyndan gadagan edilen, ýa-da heniz doly kemala gelmedik ýurtlarynda dogry we senzuralanmadyk habarlar we açyk çekişmeler bilen demokratik gymmatlyklary ileri sürmek hökmünde kesgitleýär.

Türkmenistanda media we maglumat giňişligi ýyllarboýy basyş astynda galýar we döwlet gözegçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda elektron neşirler diňe ösüşleri wasp etmek we döwlet syýasatyny taryplamak wezipeleri bilen borçlandyrylýar.

Düýbi Parižde ýerleşýän Serhetsiz reportýorlar guramasynyň metbugat azatlygynyň dünýädäki ýagdaýy boýunça 2024-nji ýylyň 3-nji maýynda çap eden soňky hasabatynda Türkmenistan bu ugurda 180 ýurduň arasynda 175-nji boldy.

Häkimiýetler ýaş raýatlar bilen geçirýän ýygnaklarynda, bir tarapdan Günbatar ýurtlaryny Türkmenistany durnuksyzlaşdyrmaga çalyşmakda aýyplaýan mahaly, beýleki tarapdan, hökümetiň ýakyn wagtlarda Ýewropa ýurtlary bilen gaz ylalaşyklaryny baglaşmak arkaly, ykdysady kynçylyklary aradan aýyrmaga synanyşýandygyny aýdýarlar.

“Hormatly Arkadagly Serdarymyz dürli ýurtlar bilen täze şertnamalara gol çekýär, ýakyn wagtda Ýewropa ýurtlaryna gaz satarys, döwlet gaznasyna uly möçberlerde pul geler we döwletimiz raýatlaryň daşary ýurtlarda işlemegi üçin hem şert döreder” diýip, ýygnaklarda çykyş eden häkimiýet wekilleri aýdýarlar.

Şeýle-de, häkimiýetler ýurtda hereket edýän metbugat serişdeleriniň işiniň çäklendirilýändigini gytaklaýyn tassyklap, bu ýagdaýy ýurduň bitaraplyk syýasaty bilen delillendirmäge çalyşýarlar.

“Biz Bitarap döwlet, şol sebäpden-de metbugatda howsala dörediji maglumatlar çap edilmeýär” diýip, häkimiýetler aýdýar.

Galyberse-de, ýygnakda çykyş edenler ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary hem gytaklaýyn tassyklap, bu ýagdaýyň wagtlaýyndygyny nygtaýarlar.

“Seret, bir dollaryň hümmeti 20 manatdan az, ýakyn wagtda has hem arzan bolar..! Döwlet öz halkyny gorar we ähli problemalar wagtlaýyndyr, ýurdumyzy we prezidentimizi masgara etmezlige çagyrýarys” diýip, häkimiýet wekilleri aýdýar.

Türkmenistanda birnäçe ýyl bäri dowam edýän maliýe-ykdysady meseleleriň arasynda, ýurtda walýutanyň goşa bahasy saklanyp galýar. Türkmenistanyň Merkezi banky bir dollaryň resmi alyş bahasyny dokuz ýyl bäri 3,5 manatlygynda saklaýar. Gara bazarda bir dollaryň manat garşysyndaky hümmeti resmi kursdan 5-6 esse ýokary bolmagynda galýar.

Bu aralykda, häkimiýetler maglumat giňişligini çäklendirmäge gönükdirip, paýtagt Aşgabatda hem aýrybaşga ýygnaklary geçirdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji iýunda Aşgabatdaky Lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary bilen geçirilen ýygnaklarda sosial medianyň hem-de Internet ulgamyndaky käbir maglumat çeşmeleriniň zyýanlary barada gürrüň edilendigini habar berýärler.

“Internetde, sosial torlarda bolar-bolgusyz, dereksiz we gorkuly gepleşikler berilýär. Biz şol maglumatlardan sizi goramak üçin, siziň şol maglumatlara aldanmazlygyňyzy gazanmak üçin, öňünden aladasyny edýäris” diýip, häkimiýetler talyplaryň öňünde eden çykyşlarynda aýtdylar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň web sahypasyna görä, bu media guramasy 23 ýurtda 27 dilde habar berýär. Media guramasynyň Türkmen gullugy 70 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen dilinde iş alyp barýar.

Redaksiýa Azatlyk Radiosynyň yzarlanylmazlygyna çagyrylyp, Lebap welaýatynda geçirilen ýygnaklar boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Raýatlar Täze ýyla taýýarlyk çärelerine çekilýär
Balkanda emeli bolçulyk döredilip, iňlis dilli mugallymlar bazarlara wagtlaýyn satyjy bellendi
Sil suwlary daglyk sebitlere zeper ýetirdi, Magtymguly etrabynyň obalary zyýan çekdi
Harby deňizçiler ýaşaýyş-durmuş şertlerinden şikaýat edýär, 'işden gidýär'
Maryda döwlet taksilerine gelnalyjy kerwenine gatnaşmak gadagan edildi
Häkimiýetler orta mekdeplerde 'ahlak gözegçiligini' güýçlendirýär