Özbegistan bilen aradaky serhet ýaka sebitlerde ýaşap, özbek mobil operatorlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanýan türkmenistanlylar häkimiýetler tarapyndan nyşana alynýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy hökümet edaralaryndaky biri-birinden habarsyz aýry-aýry iki çeşmesine hem-de birnäçe sebit ýaşaýjysyna salgylanyp, bu barada 23-nji iýulda habar berdi.
“Türkmenistanyň güýç edaralarynyň işgärleri özbek SIM kartlarynyň eýelerine garşy işjeň reýdlere başladylar” diýip, habarçymyz maglumat berdi.
Türkmenistanyň demirgazyk we gündogar serhet ýaka sebitlerinde, Daşoguz we Lebap welaýatynyň käbir etraplarynda özbek mobil operatorlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bolýar. Bu ýagdaý öz ýurdunda Internet we aragatnaşyk çäklendirmelerinden ejir çekýän türkmenistanlylara çykalga hödürleýär.
“Türkmenistanda Internet elýeterliliginiň kadaly bolmazlygy sebäpli, raýatlar global tora çykmak üçin alternatiw ýollary gözleýärler. Ýurduň aragatnaşyk bazarynda diňe “Altyn Asyr” mobil operatory bar. Şeýle şertlerde Türkmenistanyň Özbegistana ýakyn bolan demirgazyk we gündogar sebitleriniň ýaşaýjylary özbek SIM kartlaryny satyn alýarlar” diýip, Türkmenabadyň şäher häkimligindäki bir çeşme aýtdy.
Sebitiň içeri işler edaralaryndaky beýleki bir çeşme Özbegistana sapar edýän raýatlaryň öz ýanlary bilen özbek SIM kartlaryny getirýändiklerini we Türkmenistanyň çäginde hem bu kartlardan peýdalanýandyklaryny aýtdy.
“Telekeçilik işi bilen ýa-da başga maksatlar bilen Özbegistana sapar edýän türkmenistanlylar Beeline, Uzcell, Mobiuz we şulara meňzeş SIM kartlary alyp, öz ýanlary bilen Türkmenistana getirýärler. Sebäbi, serhet ýaka sebitlerde bu SIM kartlardan peýdalanyp bolýar. Ýaşaýjylar esasan bu SIM kartlaryň hödürleýän Internet mümkinçilikleri bilen gyzyklanýarlar” diýip, içeri işler edaralaryndaky çeşme aýtdy.
Serhet ýaka sebitleriň ýaşaýjylaryna görä, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýörite özbek SIM kartlarynyň söwdasy bilen meşgullanýan adamlar bar. Olar bu kartlarda açylan hasaplary doldurmaga-da ýardam berýärler.
“Özbek SIM kartynyň bahasy ortaça 1500 manat. Bu kartlary satýan raýatlaryň Özbegistanda öz adamlary bar we olar her gezek SIM kart hasabyňy dolduryp berýärler” diýip, bir sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Içeri işler edaralaryndaky çeşmä görä, ilatyň özbek SIM kartlarynyň üsti bilen açyk Internetden peýdalanmagy, ýurduň çäginde alternatiw habar serişdelerinden hem-de oppozisiýa web sahypalaryndan peýdalanmak mümkinçilikleri, şeýle-de raýatlaryň Günbatar döwletlerindäki bähbit aramaýan hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen aragatnaşyk saklamak mümkinçilikleri we ähtimallyklary türkmen häkimiýetleriniň rahatyny bozýar.
“Meniň eşidişime görä, şahsy elektron enjamlary barlagdan geçirilende özbek SIM kartlarynyň üsti bilen islendik daşary ýurt guramalary ýa-da toparlary bilen aragatnaşyga geçendigi anyklanan, olara maglumat berendigi ýa-da olardan ýardam alandygy ýüze çykarylan raýatlary Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine laýyklykda içalyçylykda’ aýyplap, jogapkärçilige çekmek barada Milli howpsuzlyk ministrligine buýruk berlipdir” diýip, çeşme aýtdy.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Milli howpsuzlyk ministrliginden teswir alyp bilmeýär.
Türkmenistanda mobil operator hökmünde diňe “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy bar. Ýurtda Internet aragatnaşygy häkimiýetler tarapyndan berk gözegçilik astynda saklanýar.
Ýöne häzirki wagtda Internet aragatnaşygy dünýäde diňe bir erkin pikir alyşmalaryň däl, eýsem, söwda, iş, biznes we telekçilik pudaklarynda işleri ýerine ýetirmegiň hem-de aragatnaşyk saklamagyň esasy guralyna öwrüldi.
Synçylara görä, häkimiýetler ýurtda Internet elýeterliligini çäklendirmek bilen diňe bir maglumat azatlygyny çäklendirmän, eýsem, öz raýatlaryny halkara biznes we iş mümkinçiliklerinden, maliýe-ykdysady bähbitlerden hem mahrum goýýar.
Bu aralykda, ýurduň sebitleri soňky hepdelerde “Altyn Asyr” mobil operatorynyň hyzmatlarynyň hiliniň ymykly peselmegine şaýat boldular.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary 10-njy iýulda ýurduň Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýerli ýaşaýjylaryň öýjükli operator arkaly jaň etmekde, hatda SMS ibermekde hem päsgelçiliklere sezewar bolandyklaryny habar berdiler.
Biraz soňra, 12-nji iýulda Mary welaýatynda Internet aragatnaşygynyň tizligi ep-esli haýallady.
Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentligi ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan aragatnaşyk problemalary boýunça beýanat bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.