Häkimiýetler daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistlerine garşy ýygnaklary geçirýärler

Häkimiýetler daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistlerine garşy ýygnaklary geçirýärler

Türkmenistanda häkimiýetler köpçülikleýin halk nägileliginden howatyr edip, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistlerini garalamak kampaniýalaryna täzeden girişdiler. Resmiler raýatlary Azatlyk Radiosyny diňlemezlige hem çagyrýarlar. Bu çäreler Lebap welaýatynyň tas ähli etraplarynda geçirilýär.

Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlar barada sebitden maglumat berýän habarçysynyň sözlerine görä, Lebabyň häkimiýetleri garalama kampaniýalaryna kanun goraýjy edaralaryň wekillerini hem-de býujet işgärlerini çekýärler, olar bilen ýörite duşuşyklary geçirýärler.

"Şu gün (9-njy noýabr) Farap etrabynyň Medeniýet öýüniň zalynda ýygnak geçirildi.Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM), Içeri işler ministrliginiň (IIM), şol sanda polisiýanyň, Migrasiýa gullugynyň hem-de häkimligiň wekilleri raýatlary, şol sanda býujet işgärlerini bu ýere ýygnadylar.

Olar Myrat Gurbanyň, Dürsoltan Taganowanyň we daşary ýurtlarda ýaşaýan, asly lebaply ýene alty sany raýatyň 60x80 ölçegli suratyny gysdyrdylar.Bu alty adam soňky ýyllarda YouTube saýtynda aktiw oppozisiýa çykyşlary bilen tanalýar. Ýygnagy geçirýänler adamlara "Internetiňizde şu adamlar peýda bolsa, olara tomaşa edäýmäň" diýdiler" diýip, adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran, ýygnaga gatnaşan lebaplylaryň biri 9-njy noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Şeýle-de, onuň sözlerine görä, resmiler ýygnaga gatnaşan býujet işgärlerine gürrüňi edilýän türkmen aktiwistleriniň çykyşlaryna "like" goýmazlygy hem berk tabşyryp, muny edenleriň işinden boşadyljakdygyny hem duýdurdylar.

Türkmen häkimiýetleriniň nobatdaky garalamak kampaniýasy, sosial medialarda türkmen hökümetiniň, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna garşy tankydy pikirleriň artyp başlan döwrüne gabat gelýär.

Myrat Gurbanow “Türkmenistanyň demokratiki saýlawy” (DWT) oppozisiýa toparynyň lideridir. Häzirki wagtda Fransiýada ýaşaýan türkmen telekeçisi Gurbanow bu topary 2020-nji ýylyň tomsunda döredipdi. DWT-niň agzalaryny daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler, esasan migrant işçiler emele getirýär.

Asly Türkmenistanyň günbataryndaky Lebap welaýatyndan bolan 30 ýaşly Dürsoltan Taganowa hem bu toparyň agzasy bolup, ol Türkiýede Türkmenistanyň hökümetine garşy öz çykyşlaryny beýan edýän türkmen raýatlarynyň arasynda iň tanalýan aktiwistleriň biridir.

Taganowanyň ady bilen türkmen jemgyýetçiligi ilkibaşda geçen ýylyň iýulynda tanyşdy. Şonda Taganowa türkmen hökümetine garşy Stambulda geçirilen mitinge gatnaşanda türk polisiýasy tarapyndan saklanyp, Türkmenistana deportasiýa edilmek bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Ýöne adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň we türkmen aktiwistleriniň eden çagyryşlaryndan soňra, Taganowa deportasiýa merkezinden goýberildi.

Şondan soň Taganowa Türkmenistandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin sosial ulgamlarda gündelik onlaýn ýygnaklary geçirmegi dowam etdirdi. Ol şu ýylyň 27-nji sentýabrynda türk häkimiýetleri tarapyndan ýene Stambuldaky deportasiýa merkezine iberildi we soňra 29-njy sentýabrda gaýtadan boşadyldy.

Häkimiýetler Taganowany garalamak kampaniýasyny geçen ýylyň oktýabrynda hem geçiripdiler. Şonda Lebabyň häkimiýetleri ony ýurtda syýasy tolgunyşygy gurnamaga synanyşmakda aýyplapdylar.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan lebaply ýaşaýjylaryň sözlerine görä, Farapdaky ýygnakda özüni MHM-niň işgäri Merdan diýip tanyşdyran resmi "türk hökümetine eden haýyşlarymyza garamazdan, aktiwistlerimizi Türkmenistana getirmek başartmady" hem diýdi.

"Indi halk olaryň wideo çykyşlaryna tomaşa etmese, "like" goýmasa, olar YouTube-dan girdeji alyp bilmezler. Olary başga tarapdan maliýeleşdirýän ýok. Şonuň üçin olara tomaşa etmäň, bizi azara goýmaň" diýip, ýygnaga gatnaşan lebaply ýaşaýjy MHM-niň işgäriniň aýdan sözüni sitirledi.

Ýygnaga gatnaşan lebaplylar döwlet edaralarynyň wekilleriniň raýatlary Azatlyk Radiosyny diňlemezlige hem çagyrýandygyny aýtdylar.

"Radio günbataryň, ABŞ-nyň Türkmenistana garşy ulanýan ýaragydyr. Biziň adamlarymyzyň bir az açlyk çekýändiginden peýdalanyp, dürli çörek nobatlaryndaky suratlary ulanýarlar. Ähli zadyň gowy bolmagyny taňrydan soraň, gowy bolar, bu kynçylyklar hem geçer" diýip, lebaply ýaşaýjy polisiýa resmisiniň sözlerini sitirledi.

Mundan başga-da, habarçymyz şu günler ýurduň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleriniň daşary ýurtlardaky käbir türkmen aktiwistleriniň Türkmenistandaky öýleriniň golaýynda nobatçylyk çekýändigini hem habar berdi.

Türkmenistanyň Baş kanunynda raýatlaryň söz azatlygy kepillendirilýär. Şol bir wagtda, adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini ýurtda adam hukuklaryny çynlakaý bozmakda, özge pikirli adamlara basyş etmekde yzygiderli tankyt edýär.

Ekspertler Türkmenistanda dünýädäki iň repressiw hökümetleriň biriniň hereket edýändigini, ýurduň içinde hökümete garşy duýga ýol berilmeýändigini we teswirleri prezident Berdimuhamedowyň režimini sähel bolsa-da tankytlaýan ýaly hasaplanýan adamlaryň dessine sem edilýändigini aýdýarlar.

Muňa garamazdan, soňky ýyllarda Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan türkmenler has köp öz pikirlerini beýan edip başladylar. Olaryň käbiri ABŞ-da, Ýewropanyň birnäçe ýurdunda, Russiýada, Türkiýede we Demirgazyk Kiprde Berdimuhamedowyň hökümetine garşy aç-açan çykyş etdiler we çykyşlaryny dowam etdirýärler.

Bu habarlaryň arasynda, şu günler türkmen häkimiýetleri Internet elýeterliligini hasam çäklendirýärler. Şeýle-de, olar VPN ussalaryna garşy basyşlary güýçlendirýärler we ýokary okuw jaýynyň mugallymlaryndan sosial torlara girmezlik barada dilhaty alýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Salam, Dogan! Ene we çaga aýralygy jemgyýetiň uly meselesine' öwrüldi
6-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti - bagtyýar ýaşlaryň baş ýörelgesi atly sergi
Türkmenistanyň halk bagşysy, professor Ödenyýaz Nobatowy ýatlap
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
Şahyr zenan Gülşirin Hanowa bilen döredijilik söhbetdeşligi geçirildi