HAEG-nyň Başlygy Zaparožýe Atom Elektrik Bekedine Baryp Gördi

HAEG-nyň Başlygy Zaparožýe Atom Elektrik Bekedine Baryp Gördi

Rus habarlar gullugy “TASS-yň” mälim etmegine görä Grossi Zaporožýe atom bekediniň şertleriniň gowulanmandygyny beýan edip; “Bekediň hücümlerden goralmagy üçin mümkin bolan ähli çareler görülmeli” diýdi.

Grossi, HAEG-nyň bekediň goralmagy uğrunda başlangyçlar edendigini nygtap; “Taraplaryň ählisiniň kabul etcek hakykata laýyk, bekediň goralmagy üçin görülmeli çareler hakynda teklip taýýarlamak isleýärin” diýdi.

Beketde heläkçiligiň bolmagyna ýol berilmeli däldigini nygtan Grossi, şeýle bolan halatynda onuň hemmelere zyýan ýetircekdigini aýtdy.

Zaporožýe atom elektrik bekedi, Ýewropanyň iň uly bekedi bolup durýar.

6 atom reaktory bolan we 5,700 megawatsagat elektrik öndürme güýcüne eýe bolan beket , Ukrana gerek bolan elektrik togunyň 20 göterimini üpcün edýär.

Zaporožýe bekedi 2022-nci ýylyň 4-nci martynda rus goşunlary tarapyndan alynypdy. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bolsa 2022-nci ýylyň 4-nci oktýabrynda bekediň Russiýanyň garamagyna geçendigi hakyndaky kararnama gol çekipdi.

Ýene degişli makalalar

Halkara Atom Energiýa Agentliginiň başlygy Zaparožýe atom elektrik bekedine tarap ýola çykdy
ABŞ: "Russiýa Ukrainada ýadro ýarag ulanan halatynda netijesi agyr bolar"
Pakistanyň Atom Desgalary Dünýä Standartlarynda
Çawuşogly Duşuşyga Togg Bilen Gitdi
Putin, HAEG-nyň Başlygy Grossi Bilen Duşuşdy
Türkmenistanyň IAEA-nyň Konwensiýalaryna goşulýandygy baradaky güwänamalary gowşurmak dabarasy geçirildi