“Habyl we Kabyl” spektaklynyň premýerasy boldy

2-nji iýulda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky akademiki baş drama teatrynda belli dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan “Habyl we Kabyl” oýnunyň premýerasy köpçülige hödürlendi. Bu spektakly režissýor Eziz Işangulyýew sahnalaşdyrdy. Artistler, teatr muşdaklary, halk köpçüligi we ýaşlar täze spektaklyň ilkinji tomaşaçylary boldular.

Doganyň dogany öldürişi baradaky sahna oýny ilkinji pursatdan başlap, tomaşaçylary özüne bendi etdi.Köplere mälim bolan mukaddes kitaplardaky belli wakany özüçe çeper usullar bilen baýlaşdyran G.Daňatarowyň pýesasynda söýgi temasy has ileri tutulýar.

Täsirli sahna oýny mazmuna baý: spektaklyň dowamynda Kabylam, Habylam ekiz uýalarynyň biri Yklyma aşyk bolýarlar, bu bolsa, ykbalyň emri bilen olary bir-birine ganym duşmana öwürýär…

Bu spektakl adamzat jemgyýetiniň ilkinji döwürlerine nazar aýlamaga, şeýle-de tekepbirligiň, maşgala gymmatlyklaryny äsgermezligiň, aýylganç jenaýatyň, ýürekden toba edilýänçä günäniň bagyşlanmazlygynyň, wyždan ezýetine uçramagyň nämedigine göz ýetirmäge ýardam berýär.

Sahnadaky wakalar iň soňunda söýginiň güýjüne we onuň “kör” bolýandygyna ynamy ýene bir gezek tassyklaýar.Spektaklyň bütin dowamynda öz erkine bäs gelip bilmeýän Kabylyň takdyra ten berip bilmän, söýmegini dowam etdirişi, soňra bolsa toba gelşi bütin aýdyňlygy bilen beýan edilýär.

Täze oýunda Adam ata bilen How enäniň keşbini Orazgeldi Durdyýew bilen Maýa Annaýewa, Kabyl bilen Habylyň keşbini ýaş artistler Begenç Garlyýew bilen Serdar Artykow ýerine ýetirdi.Adam atanyň gyzlary Yklyma bilen Lubudanyň keşbini bolsa, ýaş aktrisalar Göwher Muhammedowa bilen Şemşat Kasymowa ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Eseriň ruhuna kybap sazlaryň ýaňlanmagy hem-de çeper sahna bezegi režissýor Eziz Işangulyýewiň özboluşly usulyýetini ýüze çykardy.Spektaklyň özboluşly öwüşginleri eseriň ýakyn günlerde biziň teatr durmuşymyzy has-da baýlaşdyrýan hakyky sahna eseri boljakdygyna doly şaýatlyk edýär.

Ýene degişli makalalar

Şemşat Kasymowa: Teatr we kino goşa ganatym
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
“Wah, siz aýallar…” spektaklynyň premýerasy boldy
Söhbediň aýdymy bilen adygan
Türkmenistanyň Baş drama teatrynda Hindi rowaýaty atly spektakl görkezilýär
Türkmenistanda Binýat atly täze film tomaşaçylara görkeziler