Habib Dana Uaýtyň pikiriçe MMA-nyň taryhynda iň güýçli söweşijileriň üçlügine girmedi

Habib Dana Uaýtyň pikiriçe MMA-nyň taryhynda iň güýçli söweşijileriň üçlügine girmedi

UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýt garyşyk söweş sungatynyň tutuş taryhynda iň gowy üç söweşijini saýlady. Bu barada ozalky amerikaly söweşiji BJ Penn-iň sözlerine salgylanyp, vprognoze.ru habar berdi.

Uaýtyň saýlamagy boýunça garyşyk söweş sungatynyň iň güýçli üç söweşijisi diýlip, braziliýaly Anderson Silwa, kanadaly Žorž Sen-Pýer we amerikaly Jon Jons yglan edildi.Anderson Silwa orta agram derejesinde UFC-niň ozalky çempiony bolup, ol çempionlyk titulyny 10 gezek üstünlikli goramagy başarypdy. Žorž Sen-Pýer orta we ýarym orta agram derejelerinde UFC-niň çempionlyk guşaklaryny eýeläpdi, Jon Jons bolsa agyr agramda UFC-niň çempiony bolupdy.

Bellemeli zat, Uaýtyň pikiriçe, Habib Nurmagomedow bu babatda ilkinji üçlüge girmedi, ýogsa 33 ýaşyndaky rus söweşijisi karýerasynda ähli söweşlerde (jemi 29 gezek) ýeňiş gazanypdy. Ol ýeňil agram derejesinde 3 gezek UFC-niň çempionlyk titulyny üstünlikli gorady.

Ýene degişli makalalar

Žorž Sen-Pýer Habib Nurmagomedowa söweşmegi teklip etdi
Iň köp tomaşa edilen Dünýä Kubogy
Yzly-yzyna çempion bolan ilkinji ýygyndy (Dünýä Kubogy 1938)
Tramp Nurmagomedowa Gazadaky söweşi bes etdirjekdigi barada wada berdi
Habibiň ligasyndaky türkmen türgeni çempionlygy maksat edinýär
CZN Burak Gurme restoranynyň Aşgabatdaky şahamçasy Arkaç SDAM-da açylar