Türkmenistanda ýokary okuw jaýlary býujet maliýeleşdirmesinden aýrylyp, şertnama esaslarynda maliýeleşdirilmäge geçirilýär diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.
Jemi 60-dan gowrak ýokary we orta hünär berýän mekdebiniň bardygyna garamazdan, Türkmenistan raýatlaryň bilim, hünär almak meselelerini döwrüň talabyna, ilatyň ösýän islegine görä çözüp bilmän, netijesiz synaglary geçirýär we bu ýagdaý ýurtda sowatsyz, hünärsiz adamlaryň ýyl-ýyldan köpelmegine, işsizligiň we jenaýatçylygyň ýyl-ýyldan ösmegine getirdi, çagalarynyň geljegini alada edýän ene-atalar barha gymmatlaýan okuw sebäpli uly çykdajylara galýar diýip, synçylar aýdýar.
Azatlygyň habarçysynyň 18-nji iýulda iberen maglumatyna görä, ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň 60 göterimden gowragy býujetden aýrylyp, şertnama esaslarynda maliýeleşdirmäge geçirilýär, fakultetleriň diňe käbiri býujet maliýeleşdirmesinde galdyrylar, stipendiýa tölegleriniň bolsa diňe 30 göterimi býujetden berler diýip, habarçy bilim edarasyndaky çeşmä salgylanyp aýtdy.
Şeýle-de, gelýän 2022-njiden başlap, ýokary okuw jaýlary 95-100% şertnama esaslaryna geçiriler diýip, habarçy maglumatyň üstüni ýetirdi.
Şol bir wagtda, okuwlar şertnama ulgamyna geçirilse-de, okuwa girmek üçin soralýan paranyň möçberi azaljaga meňzemeýär, sebäbi daşary ýurtlara gitmek mümkinçiligi bolmansoň, hünär almak isleýän ýaşlaryň möçberi ýurtdaky ýokary okuw jaýlarynyň kabul edip biljeginden 10 esse köp diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.
Okuw orunlarynyň az bolup, okajak ýaşlaryň has köp bolmagy türkmen bilimindäki parahorlugyň esasy sebäbi hasaplanýar, ikinji tarapdan bu ýagdaý hakykatda okap, ýokary hünärli boljak ýaşlaryň däl-de, ýalta, ene-atasynyň puluna daýanýan ikilikçileriň student bolmagyna giň ýol açýar, Orsýet, Belarus, Ukraina ýaly ýerlerde hem bilimsiz diplom alýan köpeldi, bularyň hemmesi birleşip, ýaş adamlara kanunda kepillendirilen deňlik kadalaryny bozýar diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen magaryf işgäri aýtdy.
Şu aralykda başga bir çeşmeden gowşan maglumata görä, 12-nji iýuldan 16-njy iýula çenli Balkan sebitinden Medisina uniwersitetine okuwa girjek ýaşlaryň 56 sanysynyň dokumenti kabul edildi; Daşoguz sebitinden 86 uçurymyň dokumenti kabul edildi.
Çeşme resmi kagyzlary kabul edýän mugallymlaryň nobata seretmän, içerik öz tanyşlaryny salýandygyny hem habar berdi. Türkmenistanyň Medisina instituty sowet döwründen bäri iň ýokary paraly okuw jaýlarynyň biri hasaplanýar.
Aýdylmagyna görä, okuwa girmek üçin dokument tabşyrmak isleýän adam gaty kän, nobatlar uly, ýöne bu iş örän haýal barýar.
Bu maglumatlar türkmen hökümetiniň 16-njy iýulda geçiren mejlisiniň yz ýanyndan geldi. Ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde täze kafedralary, fakultetleri, hünärleri açmak üçin, bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer M.Geldinyýazow Türkmenistanyň prezidentine "käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda kararyň taslamasyny hödürledi" diýip, TDH dogrudanam käbir üýtgeşmeleriň bardygyny habar berýär, emma olaryň detallaryny açmaýar.
Prezident bu kararyň taslamasyna gol çekip, ýaşlaryň doly bilim almagy üçin ähli şertiň döredilmelidigi barada aýdýan umumy sözlerini gaýtlady.
Azatlyk radiosy ýokary mekdepler babatdaky üýtgeşmeler barada düşündiriş sorap, Türkmenistanyň Bilim ministrligine elektron poçta arkaly ýüz tutdy, emma häzire çenli hiç bir jogap almady.
Garaşsyz türkmen neşirlerinde ozal hem habar berlişi ýaly, Türkmenistandaky ykdysady krizisiň, manat-maliýe kynçylyklarynyň çuňlaşmagynyň fonunda, soňky iki ýylyň dowamynda daşary ýurtlarda okaýan on müňlerçe türkmenistanly ene-atalarynyň iberýän maliýe goldawlaryny almakda barha kän çäklendirme ýa sebäbi düşündirilmeýän bökdençlik bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Bu ýagdaý studentleriň käbiriniň okuwdan soň howply şertlerde işläp, ejir çekmegine alyp gelse, käbiriniň jenaýata baş goşmagyna itergi berdi diýip, anonimlik şertinde gürleşen student Azatlyk radiosyna aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy iýulda geçiren mejlisinde ýene bir gezek ýokary okuw mekdeplerine kabul ediş synaglaryna jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün etmegi tabşyrdy. TDH-nyň anyklaşdyrmazdan ýazmagyna görä, şol gün "hökümetiň bilim işgärleri bilen geçirjek maslahatyna gowy taýýarlyk görmek meselesine aýratyn üns berildi".
Emma "bilim ulgamyny özgertmek boýunça nobatdaky çärelere seretjek" maslahatyň haçan geçiriljekdigi, hünär aljak ýaşlaryň öňünde ýene nähili synaglaryň goýuljakdygy häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.