Habarçy: COVAX gaznasy arkaly Türkmenistan 200 müň doza koronawirus waksinasy bilen üpjün edildi

Habarçy: COVAX gaznasy arkaly Türkmenistan 200 müň doza koronawirus waksinasy bilen üpjün edildi

Onuň maglumatlaryna görä, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG) egindeş ýolbaşçylygyndaky gaznanyň iberen waksinalary “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna we Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän edara-kärhanalara iberilipdir.

COVAX gaznasy pes we orta girdejili ýurtlary waksina kömegini berýär. Resmi hasabatlara görä, şu wagta çenli Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Özbegistan we Täjigistan gaznanyň üsti bilen AstraZenaca waksinalaryny kabul etdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, ÝUNISEF, Bütindünýä banky, “GAVI” waksina ýaranlygy, Bill & Melinda Gates gaznasy, raýat jemgyýetleri, şahsy taraplar we käbir ösen döwletleriň hökümetleri COVAX gaznasynyň çäginde pes we orta girdejili ýurtlaryň koronawirusa garşy waksina bilen üpjün edilmegine gatnaşýar.

Bütindünýä banky Türkmenistany “ortadan ýokary girdejili” döwlet hasaplaýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň 200 müň doza waksina bilen üpjün edilmegi barada COVAX-yň media wekillerinden kommentariýa alyp bilmedi.

Galyberse-de, bu maglumat boýunça Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariýa almak synanyşygymyz netije bermedi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda nobatdaky syýahatçylyk möwsümine görülýän taýýarlyklaryň çäginde myhmanhana işgärleri öz hasabyna AstraZeneca sanjymyny kabul etdi. Myhmanhana işgärleriniň arasynda geçirilen sanjym işleri üçin we myhmanhanalaryň abatlaýyş işleri üçin olardan adam başyna 200 manat möçberinde pul ýygnalypdyr.

Golaýda hökümetçi “Orient” neşiri türkmen mediasyna salgylanyp, Orsýetde öndürilen “Sputnik V”, “EpiVacCorona”, Hytaýda öndürilen “СоrоnаVас”, şeýle-de iňlis-şwed kompaniýasynyň öndüren “AstraZeneca” sanjymlarynyň Türkmenistana getirilendigini habar berdi.

2021-nji ýylyň fewralynda COVAX halkara waksina gaznasy arkaly ilkinji bolup, Gana döwleti 600 müň doza “OxfordAstraZeneca” waksinasyny kabul etdi. Mart aýynda Moldowa we Bosniýa ýaly ýewropa ýurtlary halkara waksina gaznasynyň üsti bilen onlarça müň doza waksina kabul etdi.

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwarynda Merkezi Aziýada ilkinji bolup Russiýada öndürilen “Sputnik V” COVID-19 sanjymyny hasaba aldy. Ýanwaryň aýagyna çenli “EpiVacCorona” rus waksinasy hem ýurtda bellige alyndy.

14-nji maýda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awazada geçiren göçme mejlisinde aýdylmagyna görä, bu ýyl dynç alyş möwsüminde milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga isleg bildirýän raýatlar welaýatlarda we Aşgabatda koronawirusa garşy sanjym kabul ederler.

Bu aralykda, “Orient” neşiri “Demirýollary” kärhanasyna salgylanyp, 1-nji iýuldan başlap Aşgabat Türkmenbaşy Aşgabat ugry boýunça ýörite ýolagçy otly gatnawlarynyň ýola goýuljakdygyny habar berýär. Ýöne maglumata görä, ýurt içinde ýolagçy otly gatnawlary bilen bagly hereket edýän häzirki çäklendirmeleriň möhleti 1-nji iýula çenli uzaldylypdyr.

Häzirki wagtda Aşgabat, Mary, Türkmenabat we Daşoguz ugurlary boýunça ýolagçy otly gatnawlary bölekleýin dikeldildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy welaýatlara gönükdirilen waksinalaryň Awaza getirilendigini habar berýär.

Türkmenistan ýurda getirilen waksinalaryň möçberi barada anyk sanlary mälim etmeýär.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Türkmenbaşyda myhmanhanalaryň işgärleri bilen bir hatarda iri zawodlaryň işgärleriniň, döwlet taksi sürüjileriniň we port işgärleriniň sanjym edilmegine garaşylýar.

Bir medisina işgäriniň anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, Türkmenbaşyda 60 ýaşa ýetmedik ýönekeý raýatlara tölegli, 60 ýaşdan ýokary raýatlara mugt sanjym edilmegine garaşylýandygy barada maglumatlar bar.

Türkmenistan şu wagta çenli ýurduň dürli künjeklerinde dürli gatlaklaryň arasynda koronawirusa garşy bölekleýin sanjym işlerini geçirdi.

Hususy taraplar we halkara guramalar bilen bir hatarda Birleşen Ştatlary, Germaniýa, Birleşen Patyşalyk, Ýaponiýa, Kanada, Hytaý ýaly ösen ýurtlar, galyberse-de, Ýewropa Bileleşigi COVAX gaznasynyň çäginde özge ýurtlara waksina kömegini berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Gezelenç etmeli iň gowy ýerler
Skworsowa: Ýaşlyk döwri 60 ýaşa çenli uzap biler
BSSG koronawirusyň gelip çykyşy barada deslapky hasabat taýýarlaýar
Türkmenistan “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy
18.01.2021 | Türkmenistan “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy - 2018-nji ýyl: saglygy goraýyş ulgamy
13.03.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy - 2018-nji ýyl: saglygy goraýyş ulgamy