6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 11 welatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan we “asyryň tebigy apaty” hökmünde häsiýetlendirlen 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinde ýykylan binalaryň harabalyklaryndan umytly habarlar gelmäge dowam edýär.
Hataýyň Antakýa etrabynda binanyň harabalygynyň aşagynda galan 26 ýaşyndaky Mehmet Ali Şakyroglu bilen 34 ýaşyndaky Mustafa Awjy ýer titremesinden 261 sagat soň halas edildi.
Antakýa etrabynda başga bir binanyň harabalygynyň aşagynda galan 14 ýaşyndaky çaga hem ýer titremesinden 260 sagat soň halas edildi.
14 ýaşyndaky Osman Halebiýe hassahanada bejergi astyna alyndy.
Kahramanmaraşyň Dulkadiroglu etrabynyň Kaýabaşy etrapçasynda ýykylan binanyň aşagynda galan 17 ýaşyndaky Aleýna Ölmes hem ýer titremesinden 248 sagat soň halas edildi.
Lukmanlar Aleýnanyň saglyk ýagdaýynyň gowudygyny mälim etdi.